JEMGYÝET

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirilýär

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi Döw­let ha­ryt çig-mal bir­ža­sy, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­le­şi­gi, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de 2020-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýy — 1-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly, dok­ma we söw­da pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan ser­gi-ýar­mar­ka­ny hem-de türk­men ha­ly­çy­la­ry­nyň da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty­ny ge­çir­ýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

31-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

1-nji iýunda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” ady berildi