TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Haly baýramy mynasybetli sergi geçirildi

Şu gün Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda senagat edara binasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we Da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi Döw­let ha­ryt çig-mal bir­ža­sy, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­le­şi­gi, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly, dok­ma we söw­da pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem-de türk­men ha­ly­çy­la­ry­nyň da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty­ ge­çirildi.

Onda esasan hem dokma önümleri, haly senetleri, nepis türkmen el halylary we başgalar ýerleşdirildi. Sergide türkmen halylaryny wasp edýän şirinden-şirin mukamlar belentden ýaňlandy. Bulardan başga-da gelin-gyzlaryň ýerine ýetirmeklerinde kompozisiýalar görkezildi.

Haly baýramy mynasybetli guralan sergide türkmen ak öýleri hem uly orun aldy. Olaryň içinde türkmen halylarynyň ýugurdylan görnüşleri hem ýerleşdirildi. Bulardan başga-da sergide türkmen dokma önümleri bilen bir hatarda, gelin-gyzlaryň geýýän dürli görnüşdäki matalary ýerleşdirilen. Olaryň gaplarynda Türkmenistanda öndürilen diýen ýazgynyň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek.

Sergide ýurdumyzyň dokma senagatynyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini görmek bolýar. Soňky ýyllarda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, dokma pudagynda hem telekeçilere giň ýol açylýar. Şol telekeçileriň özara bäsleşmeginde bolsa, importuň ornuny tutýan birnäçe ajaýyp dokma önümleri peýda bolýar. Bu bolsa biziň milli ykdysadyýetimiziň ýokarlanmagyna getirýär. Türkmen telekeçileri her sergi dabarasyna özleriniň täze önümleri bilen gelýärler. Ony şu günki geçirilen sergide hem görmek bolýar.

Sergi öz işini iki gün dowam eder.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Teswirle