“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça işler yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistan yzygiderli esasda dünýäniň ýurtlary bilen tejribe alyşýar, saglygy goraýyş bilen bagly halkara çärelere gatnaşýar. Bu gün adamlaryň saglygyny goramak işi öz içine birnäçe kesgitleýji şertleri jemleýän giň gerimli ulgamdan ybaratdyr. Bu şertler döwrebap, dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan saglyk merkezlerinden we şypahanalardan, köpçülikleýin sport hereketini, işjeň dynç alyş düzümlerini ösdürmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Abraýly guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BSGG bu ugurda ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarydyr. Olar bilen bilelikde möhüm taslamalar amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna dünýäniň meşhur lukmanlaryny çekmek arkaly özara tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim derejelerini ýokarlandyrmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, milli lukmançylyga täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ösen tehnologiýaly saglygy goraýyş merkezleriniň işini döwrebap guramak hem-de täze merkezleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýetli ulgamlaryň hataryna degişlidir. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy ösen pudak bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurdumyzda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde bu ugra gönükdirilen döwlet harajatlary, şeýle hem dünýä ylmynyň ösen tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, şol bir wagtda-da maddy-tehniki üpjünçiliginiň döwre laýyklykda kämilleşdirilmegi türkmen lukmançylygynyň esasy aýratynlyklary hökmünde häsiýetlendirilýär.
Dünýäniň iri saglygy goraýyş hem-de barlag merkezleriniň alym lukmanlary, bilermenleri we ugurdaş hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan lukmançylyk diplomatiýasynyň netijeliliginiň subutnamasydyr. Munuň özi bu wajyp ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tejribe alyşmaga gönüden-göni ýardam berýär.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman infrastrukturasy kemala geldi. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurulýar, ugurdaş desgalar ulanmaga berilýär. Munuň özi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli saglygy goraýyş we bejeriş hyzmatlarynyň giň görnüşiniň halkymyza elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatynyň ösüşine täze itergi berildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.
Hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek işleri hem dowam etdirildi, ylym, bilim we okuw işleri täze ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Saglygy goraýyşda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, ikitaraplaýyn hökümetara ylalaşyklaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde daşary ýurtlarda geçirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli maslahatlardyr forumlara ýurdumyzyň lukmançylyk wekiliýetleri yzygiderli gatnaşýar.
“Döwlet adam üçindir!” hem-de “Il saglygy — ýurt baýlygy” şygarlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy.
Halkyň saglygyny goramak ugrunda taýsyz tagallalar edýän, eziz Diýarymyzda döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini gurdurýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Maýa Ataballyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.