SIZDEN GELENLER

Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde belent sarpa eýe bolup, ady dünýä dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

«Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Hassalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun» —

diýip nesihat edýär. Beýik şahyryň berkarar döwlet we ajap eýýam hakyndaky arzuwlary bu gün hasyl boldy. Akyldaryň pähim-paýhas ummanyndan syzylyp çykan öwüt-ündewleri, nesihatlary halkymyzyň hemişelik durmuş ýörelgesidir.

«Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa göräde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýar.

Häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde, hassahanalarda, şypahanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport ulgamyna degişli desgalarda döredilen dünýä hil ülňülerindäki şertmümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Aýratynam, sagdyn, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň hemaýaty bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, welaýatlarymyzyň köpugurly, şeýle-de çagalar hassahanalarynda çagalarda kardiohirurgiýa, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa ugurlary boýunça anyklanýan kesellerde operasiýalar amala aşyrylyp başlandy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda enäniň we çaganyň saglygyny goramakda halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bilermenleri bilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tejribeli hünärmeni merkezimize gelip, lukmanlarymyz bilen bilelikde çagalarda çylşyrymly ortopedik operasiýalary üstünlikli geçirdiler. Russiýa Federasiýasynyň hünärmenleri bolsa türkmen kärdeşleri bilen «Çagalara berilýän gaýragoýulmasyz kömegiň düzgünleri» atly okuw sapaklaryny geçdiler. Russiýa Federasiýasynyň ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetleri, kliniki hassahanalary, lukmançylyk barlag merkezleri bilen işleşmek, tejribe alyşmak, lukmanlaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Gurbansoltan Mämedowa,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz