JEMGYÝET

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boldy

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek barada resminama kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-nji ýyllary üçin döwlet maksatnamasynda görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe kömegini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi Bankyna Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi