TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti:«Açyk gapylar» güni

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň okuwa höwesli ýaşlaryny 2020-nji ýylyň 1-nji we 14-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde ýokary okuw mekdebine gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürip, dünýä ülňülerine laýyk getirmek baradaky Kararlarynyň we Permanlarynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, täze binadaky enjamlaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar, okuw, lingafon, kompýuter otaglary, talyplaryňylmy we medeni gurnaklary, aýdym-saz we tans toparlarynyňçykyşy, talyplaryňsport bilen meşgullanyşy, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş şertleri, dil öwreniş bölüminiňişleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň (Andalyp) 1958-nji köçesiniň 169-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-85-42, 39-85-13, 39-85-40, 39-85-43, 39-85-59, 39-85-29, 39-85-30.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle