TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwal Türkmenabatda geçirildi

22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy.  Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.

ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow gündelik durmuşymyza daşky gurşawy goramak boýunça herekelerini girizmegimiziň ähmiýetini öz çykyşynda belledi. Howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly global daşky gurşaw meselelerini agzap geçip, Ilçi Klimow her bir hereketiň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Ilçi Klimow şeýle hem zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemegiň we azaltmagyň möhümdigini belläp, her bir adamy has durnukly geljege goşant goşmak üçin bu işe goşulmaga çagyrdy.

 Ilçi Klimow “Bu waka, planetamyzy goramagyň we tebigy baýlyklary goramagyň möhümdigini global derejede ýatladýar. Bu, daşky gurşaw bilen gatnaşygymyz hakda pikirlenip, ony hereketlerimiz bilen goramak jogapkärçiligini öz üstümize ýene-de bir gezek alyp biljek günümiz” -diýdi. “Ekofestiwalyň ruhunda, şu gün sizi daşky gurşawymyzy goramak üçin bir ädim almaga çagyrýaryn. Geliň hemmämiz planetamyzy goramak we ony geljekki nesiller üçin sagdyn saklamak üçin öz işimizi ýerine ýetireliň”.

Bu çäre ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenabat Amerikan burçy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenabat şäher häkimligi bilen bilelikde guraldy.

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle