TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara üm arkaly gürleşmek güni

Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Halkara üm arkaly gürleşmek güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gürleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde  bellenilip geçilýär.

Bu günüň bellenilmeginiň maksady bolsa dünýädäki millionlarça eşitmäge ukyby bolmadyk adamlaryň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

“Halkara üm arkaly gürleşmek” gününiň senesini 1951-nji ýylyň 23-nji sentýabrda Bütindünýä kerler federasiýasynyň döredilen güni bilen baglanyşyklydyr. Bu guramanyň bellemegine görä, dünýäde 72 milliondan gowrak eşitmäge ukyby bolmadyk adamlar bar, olar üçin daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk saklamagyň esasy görnüşi bolan üm hereketi bilen gürleşmegiň dilidir. Birleşen Milletler Guramasy bu senäni yglan etmek bilen, eşidiş kemçiligi bolan adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmekde üm hereketi dilleriniň örän möhümligine üns çekýär. Dünýäniň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Moskwa şäherinde hem her ýyl sentýabr aýynda Bütindünýä kerler hepdeliginiň we Halkara üm hereketi dili  gününiň döredilmegine bagyşlnyp çäreler geçirilýär. Iň täsir galdyryjy wakalar hem, Russiýanyň şäheriniň seýilgählerinde geçirilýän üm hereketi dili gününiň festiwalydyr. Onda meýletinçileriň kömek bermegi bilen seýilgähdäki seýil edýän adamlaryň ählisi üm hereketiniň dili bilen tanyşyp hem-de öwrenip bilýärler.

                                                                                                      Gunça Hamedowa

Türkmenistanyň  DIM-niň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistika fakultetiniň  talyby

Hindistan sanjym eksportuna täzeden başlar

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle