Halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar wagtlaýynça togtadylýar:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Şeýle hem habarnamada, biletler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabra çenli hereket edýär. Mundan başga-da, ýatyrylan uçuşlardan ýolagçylar bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin biletini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we alyş-çalyş üçin satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Eger gatnaw bolmaýan bolsa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde puluny yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnawlarynyň haçan başlanjakdygy baradaky sowallar  uly gyzyklanma döredýär.

THY-niň resmi saýtynda “Iň soňky gezek täzelenen görnüş: 23.09.2020” maglumatlaryna görä,  Aşgabat gatnawlary baradaky maglumat berilýär. Ýagny, 4 gün öň täzelenen  bu maglumatlara görä, Aşgabat- Stambul uçar gatnawy 1-nji Oktýabr 2020 senesinden başlanýar we  bu maglumata görä, hepdede 4 gezek  uçuş amala aşyrylar. Bellemeli zat, THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumat ýerleşdirilendigine garamazdan uçuşlar amala aşyrylmady.

Okap bilersiňiz  Türkmenistandaky öňüni alyş we gorag çäreleri

Bellemeli zat, Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli çäklendirilýär. Şeýle hem, “Türkmendemirýollary” agentliginiň  otly gatnawlary hem 1-nji noýabra çenli togtadyldy.

 

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

 

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Dünýä Sahypamyz

Otly gatnawlary barada täze maglumat

Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?

 

 

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Bulary hem okap bilersiňiz

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

 

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

Bulary hem okaň

Rejep Taýyp Ärdogan: Türkmenistana saparymy amala aşyryp bolar

Türkmenistan Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar

Hormatly Prezidentimize ahalteke bedewi sowgat edildi

Garaşsyzlyk baýramy: Dabaraly harby ýöriş geçirildi

 

Türkmenistan’da Bağımsızlık Bayramı coşkusu