TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Halkara Türkmenbaşy deňiz porty “ENR iň gowy taslama sylagyna mynasyp boldy

Türkiýe Respublikasynyň metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistany dünýänin söwdasynda bazarynda logistika merkezine öwrülmegine mynasyp goşandyny goşýan Halkara Türkmenbaşy deňiz porty inŽenerçilik, gurluşyk hem-de binagärlik ugurlary boýunça dünýäniň iň abraýly baýragy hasaplanýan “Global Best” sylagyna mynasyp boldy. Gündogardan günbatara uzap gidýän turba geçirijileri bilen energetika babatda strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenistan port taslamasyny hem durmuşa geçirmek bilen, logistika ulgamynda-da aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu deňiz menzili Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük gatnawynyň wagtyny 45 günden 15 güne çenli azaldyp, häzirki zaman Ýüpek ýolunyň günbatara açylan derwezesi boldy.

Hazar deňzindäki iň uly portlaryň birine öwrülen Halkara Türkmenbaşy deňiz porty şol bir wagtda 27 metr çuňluk derejesi bilen dünýäniň iň pes bölegine gurlan port aýratynlygyna hem eýedir. Halkara Türkmenbaşy deňiz porty ENR “Best of Best” ugry boýunça dünýäniň iň gowy taslamalarynyň hatarynda ilkinji üçlige girdi.

Häzirki zaman Ýüpek ýolunyň strategik taýdan amatly maýa goýum taslamalarynyň birine öwrülen we Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan “Gap Inşaat” kompaniýasyna gurdurylan Hazar deňziniň kenaryndaky Halkara Türkmenbaşy deňiz porty Amerikada iň abraýly sylaga mynasyp boldy. Türkmenistany dünýäniň logistika ulgamynda öňdebaryjylaryň hataryna çykaran Halkara Türkmenbaşy deňiz porty Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ENR kompaniýasy tarapyndan 23 ugur boýunça taslamalaryň hödürlenen  “Global Best Projects” (“Global iň gowy taslamalar”) bäsleşiginde “Howa menzili/port” ugry babatda birinji orny eýeledi. Baýrak geçen ýylyň 2-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde guralan dabarada gowşuryldy.

HÄZIRKI ZAMAN ÝÜPEK ÝOLY DÖREDILÝÄR

Baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş eden “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Ertugrul Gürler geçen ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň dünýä söwdasynda häzirki zaman Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde öz ornuny alandygyny belläp, Türkmenistany dünýäniň söwda bazarynda möhüm logistika halkasyna öwürjek bu port taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň özgertmeler maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň bu özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde infrastruktura, saglygy goraýyş, senagat desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrylyp, logistika ulgamynda möhüm halka öwrülýändigini mälim etdi.

Hytaýdan Ýewropa çenli bökdençsiz polat ýollary arkaly ýük gatnawy ýola goýuldy. Bu port Aziýadan Ýewropa ýük gatnawyny 95 göteriminiň deňiz ugry arkalay amala aşyrylanýan döwründe 45 günde durmuşa geçirilýärdi. Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky polat ýollar arkaly ýük gatnawynyň wagtyny 30 gün azaltdy. Şoňa görä, Hytaýdna bökdençsiz gelýän ýükler Hazar deňziniň kenaryndaky Halkara Türkmenbaşy deňiz porty arkaly Azerbaýjana äkidilýär, ol ýerdenem Baku-Tbilisi-Kars demir ýoluna birikdirilýär. Ýawuz Sultan Selim köprüsindäki polat ýolunyň gurluşygy tamamlanandna soňra Ýewropa ýurtlaryny ýükleri bökdençsiz geçirmek bolar.

 

Türkmenbaşy şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna golaý ýerde gurlan port Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen ähli ekologiýa talaplaryna laýyklykda guruldy. Port Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji we ikinji kitabynda bellenip geçilişi ýaly, dünýäniň uly isleg bildirilen söwda ýolunyň esasy bölegine öwrüldi. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, ýolagçy we ýük terminaly, konteýner terminaly, umumy ýük terminaly, ürgün ýük terminaly, demir ýol parom terminaly ýaly birnäçe desgalar guruldy.

GINNESIÑ REKORDLAR KITABYNA GIREN TASLAMA

Halkara Türkmenbaşy deňiz porty deňiz derejesinden pesdäki iň uly port hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäniň rekordlar ýygyndysy şol bir toparda, ornitafaunany goramak maksady bilen portuň gurluşygynda döredilen emeli guş adasyny hem belläp geçdi.

MERKEZI AZIÝANYÑ ÇYLŞYRYMLY INŽENERÇILIK DESGASY

1 million 434 müň 149 inedördül meýdany eýelän port dünýä ülňülerine laýyklykda 8 million 993 müň 788 inedördül metr meýdanda çuňlaşdyrma işleri alnyp baryldy. Portuň 3 müň 800 metre uzalyp gidýän uzynlygy boýunça ýük we ýolagçy gämileriniň kenara ýanaşmagy üçin ähli şertler döredildi. Gündoga-günbatar we demirgazyk-günorta ugurlary boýunça ýükleriň düşürilip-ýüklenmegi hem-de daşalmagy üçin 3 müň 915 metr uzynlygynda garaýoly we 29 müň 890 metr uzynlygynda polat ýoly çekildi. Halkara Türkmenbaşy deňiz porty 2 müň 500 adamy iş bilen üpjün edýär.

Bu habaryň Atawatan Türkmenistan habar portalynda geçen ýylyň Oktýabr aýynda neşir bolan Türk dilindäki nusgasyny okamak üçin :

 

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTkyMg==

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle