TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşýan sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň Türkmenistanyň umumybilim we hünär bilimi edaralarynda okaýan agzalaryny özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmagyň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtynda ýerleşdirilen Tertibe görä, halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okaýan agzalary üçin ýörite özbaşdak okuw meýilnamasynyň Tertibi kabul edildi.

Bu  Tertip Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynda görkezilen dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine, türgenleri sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän beýleki çärelere gatnaşýan sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň Türkmenistanyň umumybilim we hünär bilimi edaralarynda okaýan agzalarynyň şol döwürdäki bilim işini düzgünleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Özbaşdak okuw meýilnamasy – şu Tertipden gelip çykýan talaplary berjaý etmek maksady bilen, bilim edarasynda okaýanlaryň bilim maksatnamasyny özbaşdak özleşdirmekleri üçin esaslyk okuw meýilnamasynyň esasynda düzülýän okuw meýilnamasydyr.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hünär bilimi edarasynda okaýan we özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmaga geçirilen Türgenlere dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde talyp haky bellenen tertipde tölenilýär.

Tölegli esasda bilim alýan we özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okatmaga geçirilen Türgenleriň okuw tölegleri dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna we çärelerine taýýarlyk görülýän we olara gatnaşylýan döwürde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Özbaşdak okuw meýilnamasy boýunça okuwlar okuw otaglarynda ýa-da özbaşdak iş görnüşinde degişli mugallymyň iş wagtynyň çäginde geçirilýär.

Türgenler özbaşdak okuw meýilnamasyny doly derejede özleşdirmäge, okuw dersleri boýunça özbaşdak taýýarlanmaga we ýumuşlary ýerine ýetirmäge, bellenen tertipde synpdan-synpa geçiş, sepgit synaglaryny, okuw dersleri boýunça ýyllyk synaglary, hasaplary, okuw işleriniň netijeleriniň aralyk jemlemesini (aralyk synaglary), şeýle hem jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaga borçludyrlar.

Özbaşdak okuw meýilnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmedik Türgenler okuwyna ýetişmeýän hasap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara bellenen tertipde degişli çäreler ulanylýar.

 

 

 

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle