TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara raýdaşlyk güni

Raýdaşlyk düşünjesi bu – umumy  gyzyklanmalara  we umumy toparyň maksatlaryna ýetmegiň zerurlygyna, bilelikdäki jogapkärçilige esaslanýan ynançlaryň we hereketleriň bitewiligi, jemgyýetçilik toparynyň agzalarynyň özara goldawydyr.

BMG-niň başlangyjy bilen,  2006-njy ýyldan başlap  her ýylyň  20-nji dekabry  bütindünýäde Halkara raýdaşlyk güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

Bu halkara güni, BMG-niň  Baş Assambleýasy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň garyplygy ýok etmek boýunça ilkinji onýyllygyna bagyşlanan kararynda (№ 60/209) yglan edilýär. BMG-niň rezolýusiýasy Müňýyllyk Jarnamasyna salgylanyp, onda  raýdaşlyk XXI asyrda halkara gatnaşyklarynyň esasynda duran adamzadyň esas goýujy  we ählumumy gymmatlyklaryndan biridigi aýdylýar.

Şonuň üçin bu gün:
• Hökümetlere halkara şertnamalaryndaky borçlaryna hormat goýmagy ýatladýan;
• Esasy gymmatlyk hökmünde raýdaşlyk barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän;
• Müňýyllygyň Ösüş maksatlaryna, şol sanda garyplygy ýok etmek üçin has uly raýdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýan;
• Garyplygy ýok etmek bilen baglanyşykly täze başlangyçlar üçin hereket güni hasaplanylýar.

Her ýyl belli bir mowzuga bagyşlanan Halkara raýdaşlyk güni bütin dünýäde bellenilýär we oňa bagyşlanan   resmi çärelerdäki çykyşlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde žurnallardaky  makalalarda  giňden  şöhlelendirilýär.

BMG  we raýdaşlyk konsepsiýasy

BMG-niň döredilen gününden bäri, onuň esasy ýörelgeleriň biri garyplykdan we   agyr sütemlerden ejir çekýän adamlar bilen raýdaşlyk  etmekden ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegi, parahatçylygy, adam hukuklaryny we durmuş-ykdysady ösüşi goramak üçin dünýäniň halklaryny we ýurtlaryny has ýakynlaşdyrmaga ýardam berdi. Guramany döretmek üçin esas goýujy başlangyçlar, agzalaryň arasynda “Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak” maksady bilen birleşmek agzybirligine esaslanýan köpçülikleýin howpsuzlyk düşünjesinde öz beýanyny tapdy.   Mundan başga-da, raýdaşlyk ruhuna ygrarly bolmak bilen, gurama gündelik işlerine “Ykdysady, sosial, medeni we ynsanperwerlik häsiýetli halkara meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirilmegine” bil baglaýar.

 

 

            Şahnoza EMINOWA,

                                        Türkmenistanyň Daşary işler   ministrliginiň

                                        Halkara gatnaşyklary   institutynyň Halkara

                                        hukugy fakultetiniň talyby.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle