TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny goldaýar

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Milli Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi instituty bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli tokaý maksatnamasyny goldamak niýeti bilen emeli tokaý zolaklaryny we miweli baglary döretmek boýunça amaly gollanmasyny ara alyp maslahatlaşmak we işläp düzmek maksady bilen hökümet işgärleri, tokaý hünärmenleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri üçin tegelek stol geçirdi.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek meýilnamasy howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we gowşatmak we ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak üçin berk kanun esasyny berýär.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze şeýle diýip belledi: “USAID-iň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Milli Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi instituty bilen hyzmatdaşlygy döwlet işgärlerine tebigy baýlyklary dolandyrmak üçin hünärini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär we tokaý zolaklary döretmek üçin iň gowy ýerli we halkara ekiş we suwaryş usullaryny durmuşa geçirmäge kömek edýär”.

USAID we Çöller instituty Türkmenistanda baglary we tokaý ekinlerini gurmagyň usullary boýunça ýakynda işlenip düzülen amaly gollanmany hödürlediler.  Gollanmada Türkmenistanda agaç ekmek üçin howanyň üýtgemeginiň töwekgelçilikleri, ýurtda ösdürip ýetişdirmek üçin maslahat berilýän ösümlikleriň bioekologiki aýratynlyklary, şeýle hem tohum taýýarlaýyş, suwaryş usullary, dökünleriň derejesi we wagty, gözegçilik, zyýan berijiler we ösümlik keselleri we olara garşy göreş çäreleri barada giňişleýin maglumat berilýär.

Tegelek stol söhbetdeşligine gatnaşan ýurdumyzyň ýedi tokaý hojalyklaryň, häkimlikleriň wekilleri we daşky gurşaw hünärmenleri işlenip taýýarlanylýan amaly gollanma tekliplerini we soňky düzedişlerini girizdiler.  Iş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna gatnaşýan ähli guramalaryň bu gollanmany almagyna garaşylýar.

Bu tokaýçylyk teklipleriň işlenip düzülmegi, Türkmenistan hökümetiniň we USAID-iň hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, daşky gurşaw töwekgelçiligini netijeli azaltmak we tebigy baýlyklary has netijeli dolandyrmak maksatlaryna laýyk gelýär.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle