TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara Nowruz güni – kanuny baýram

Nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri, türkmen milletiniň bütin halk bolup, milli baýram hökmünde, diýseň uly şatlyk-şowhunly toý-dabaralaryna besläp belläp gelen Nowruz baýramy ýurt Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günümizden başlap, döwlet goldawyna eýe bolan kanuny baýrama öwrüldi. Bu taryhy baýramyň berkarar türkmen döwletimizde ilkinji gezek 1992-nji ýylda bellenilip geçilmegi hem, şol ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen milli Konstitusiýamyzyň muňa ak ýol açandygyny görkezýär. Çünki, Esasy Kanunymyzyň 15-nji hem-de 56-njy maddalarynda döwletiň milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň abat saklanmagy üçin jogapkärdigi, medeniýetiň we sungatyň, halk döredijiliginiň ösdürilmegine ýardam edýändigi, her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga hukugynyň bardygy hakynda beýan edilýär. Baş Kanumymyzyň bu iki maddasy biziň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan milli medeni mirasymyz bolan Nowruz baýramyny bütin türkmen halkymyz bolup giň mähelleli dabaralara besläp belläp geçmegimize we bu şanly senäniň taryhy köklerini ylmy esasda öwrenip, ony türkmeniň ruhy dünýäsine laýyklykda bäş müň ýyllyk geçmişimiziň dürli döwürlerindäki bahar baýram adatlary bilen baýlaşdyrmagymyza diýseň uly şertleri döretdi. Hakykatdan-da, Nowruz baýramynyň türkmeniň iň gadymy baýramydygyny, onuň milletbaşymyz Oguz han atamyzyň döwründen bellenip başlanandygyny Abulgazy Bahadurhanyň “Oguznama” eserine ser salanyňda-da has aýdyň görmeklik bolýar. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan bu ajaýyp baýramyň, onuň nesilleri tarapyndan dowam etdirilendigini, ýagny gadymy Nowruzyň otpazarçylyk diniň dörän ýeri bolan Marguş döwletinde bellenilendigini “Awesta” kitabynyň, Göktürkmenleriň döwletinde geçirilendigini “Ergenekon” dessanynyň,  Seljuk türkmenleriniň döwletinde bellenilendigini Nyzamylmülküň “Syýasatnama”, Mahmyt Kaşgarlynyň “Türki dilleriň diwany”, Ýusup Balasagunlynyň “Bagt getiriji bilim”, Omar Haýýamyň “Nowruznama” eserleriniň esasynda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bu şanly senäni biziň halkymyz beýleki türki halklardan tapawutlylykda iki gün – her ýylyň 21-22-nji martynda döwlet tarapyndan baýramçylyk dynç güni hökmünde belläp geçýär. Bu kada biziň ýurdumyzda kanuny esasda, ýagny Milli parlamentimiz tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Türkmenistanyň Zähmet kodesiniň 81-nji maddasynyň esasynda hukuk taýdan berkidildi. Munuň özi bolsa, “Döwlet adam üçindir” diýen ajaýyp şygary esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görýän halkymyzyň rahat dynç almagy üçin döredýän ajaýyp şertleridir. Ýeri gelende aýtsak, Milli Bahar baýramy barada  çuňňur hormatlanylýan milli Liderimiziň: “Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini we bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr.” – diýip örän jaýdar bellemeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna, edebi we medeni mirasyna, däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu gadymy baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň netijesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap teklip etmegi bilen her ýylyň 21-nji martyny halkara Nowruz güni diýip, yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Milli Liderimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetini hem bähbitini nazarlaýan öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde goldanylan bu Rezolýusiýa laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde taryha girdi. Munuň özi bolsa, nesilbaşymyz Oguz han atamyzdan miras galan gadymy Nowruz baýramynyň bäş ýyllyk taryhly şanly sene hökmünde diňe bir milli kanunçylygymyzda  däl-de, eýsem halkara hukugynyň esasynda hem berkidilendigini görkezýär. Ýeri gelende ýatsak, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlarymyz bilen  Nowruz ýaýlasyndaky Ak öý binasynda we onuň töwereginde uly şatlyk-şowhuna besläp belläp geçmeklik, biziň halkymyz üçin indi birnäçe ýyldan bäri özboluşly bir milli däbe öwrüldi.  Nowruz ýaýlasynyň Ak öý binasynyň ýanynda döredilen “Dostluk” ýadygärligi bolsa, ýurdumyzda giň mähelleli toý-şagalanynyň esasynda dabaralandyrylýan Nowruz baýramynyň baky Bitaraplygymyzyň parahatçylyk we hoşniýetli dostluk taglymlarynyň özboluşly bir yşaratydygyny alamatlandyrýar.

Baky Nurmuhammedow

  Magtymguly adyndaky TDU-nyň Hukuk fakultetiniň talyby

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle