TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara nebit we gaz uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri):

  1. Ama­ly geo­lo­gi­ýa, dag iş­le­ri, ne­bit­gaz işi we geo­de­ziýa (hü­när­ler: ne­bit-gaz kän­le­ri­ni öz­leş­dir­mek we ulan­mak; ne­bit we gaz gu­ýu­la­ry­ny bu­raw­la­mak; ne­bit­gaz­ ge­çi­ri­ji­le­ri­ni we ne­bitga­zyň sak­lan­ýan ýer­le­ri­ni tas­la­mak, gur­mak we ulan­mak; ne­bitiň we ga­zyň geo­lo­gi­ýa­sy; ýe­rüs­ti dag iş­le­ri; gid­ro­geo­lo­gi­ýa we in­že­ner geo­lo­gi­ýa­sy; geo­lo­gik kar­ta­laş­dyr­ma we mag­dan ýa­takla­ry­nyň göz­le­gi; peý­da­ly mag­dan­la­ry göz­le­me­giň we bar­la­magyň geo­fi­zi­ki usul­la­ry; mark­şeý­der­lik işi; ga­zy­lyp alyn­ýan peý­daly mag­dan­la­ry baý­laş­dyr­mak; ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan kän­le­ri­ni öz­leş­dir­mek).
  2. Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hü­när: ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­me­giň hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy).
  3. Teh­nos­fe­ra howp­suz­ly­gy we te­bi­gy aba­dan­laş­dy­ryş (hü­när: daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we te­bi­gy baý­lyk­la­ry tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak).
  4. Teh­ni­ki ul­gam­lar­da do­lan­dy­ryş (hü­när: stan­dart­laş­dyrmak we ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak).
  5. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (hü­när­ler: maglu­mat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we do­lan­dyr­ma­gyň aw­to­mat­laşdy­ry­lan ul­gam­la­ry; mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi).
  6. Ma­şyn­gur­lu­şyk (hü­när­ler: so­wa­dy­jy, komp­res­sor ma­şynla­ry we des­ga­la­ry; ne­bit, gaz kän­le­ri­niň ma­şyn­la­ry we en­jam­la­ry).
  7. Gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (hü­när: nebit­gaz des­ga­la­ry we se­na­gat gur­lu­şy­gy).
  8. Elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy (hü­när­ler: elekt­rik üp­jün­çi­li­gi; se­na­gat des­ga­la­ry­nyň we teh­no­lo­gik top­lum­la­ryň elekt­ro­he­re­ket­len­di­ri­li­şi hem-de aw­to­ma­ti­ka­sy; gaz­tur­bi­na desga­la­ry we gaz­komp­res­sor stan­si­ýa­la­ry).
  9. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när: yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (ne­bit­gaz pu­da­gyn­da).

Iň­lis di­lin­de oka­dyl­jak ba­ka­lawr­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ýan ugur­la­ry (ba­ka­lawr üçin oku­wyň möh­le­ti 5 ýyl; 1 ýyl — dil taý­ýar­ly­gy, 4 ýyl — hü­när taý­ýar­ly­gy):

  1. Ama­ly geo­lo­gi­ýa, dag iş­le­ri, ne­bit­gaz işi we geo­de­ziýa (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: ne­bit­gaz işi; ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­la­ryň geo­lo­gi­ýa­sy we göz­le­gi).
  2. Hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: hi­mi­ýa teh­nolo­gi­ýa­sy).
  3. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taý­ýar­ly­gyň ugry: prog­ram­ma in­že­ner­li­gi).
  4. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: lo­gis­ti­ka (ne­bit­gaz pu­da­gyn­da)).

Iň­lis di­lin­de er­kin gep­le­ýän da­laş­gär­ler gi­riş sy­nag­la­ry­ny üstün­lik­li tab­şy­ran­la­ryn­dan soň­ra, taý­ýar­ly­gyň ne­bit­gaz işi; gazy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­la­ryň geo­lo­gi­ýa­sy we gözle­gi; hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy; prog­ram­ma in­že­ner­li­gi we lo­gis­ti­ka (ne­bit­gaz pu­da­gyn­da) ugur­la­ry bo­ýun­ça dil öw­re­niş bö­lü­min­de okuw taý­ýar­ly­gy­ny geç­mez­den, ba­ka­lawr­ly­gyň 1-nji okuw ýy­ly­na baş­la­mak üçin iň­lis di­lin­den bar­lag tes­ti­ni tab­şyrýar­lar.

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Uni­wer­si­tet­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp bar­lar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şähe­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär. Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) häsi­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maçlyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­lary­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan degiş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy geçen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by wekil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­kezip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin dalaş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-si, 24-i we 26-sy gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 25-i we 27-si gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 28-i, 30-y we aw­gust aýy­nyň 1-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 29-y, 31-i we aw­gust aýy­nyň 2-si gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 3-i, 5-i we 7-si gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 4-i, 6-sy we 8-i gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

ama­ly geo­lo­gi­ýa, dag iş­le­ri, ne­bit­gaz işi we geo­de­zi­ýa ug­ry — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry — hi­mi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, Türkme­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

teh­nos­fe­ra howp­suz­ly­gy we te­bi­gy aba­dan­laş­dy­ryş ugry — hi­mi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

teh­ni­ki ul­gam­lar­da do­lan­dy­ryş ug­ry — hi­mi­ýa, ma­te­ma­tika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ug­ry — fi­zi­ka, mate­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ma­şyn­gur­lu­şyk ug­ry — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

gur­lu­şy­gyň teh­ni­ka­sy we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ug­ry — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

elekt­ro we ýy­ly­lyk ener­ge­ti­ka­sy ug­ry — fi­zi­ka, ma­te­ma­tika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ug­ry — fi­zi­ka, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

iň­lis di­lin­de oka­dyl­jak ba­ka­lawr­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ýan ne­bit­gaz işi; ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly mag­dan­la­ryň geo­lo­gi­ýa­sy we göz­le­gi;

prog­ram­ma in­že­ner­li­gi we lo­gis­ti­ka (ne­bit­gaz pu­da­gyn­da) taý­ýar­ly­gy­nyň ugur­la­ry — iň­lis di­li, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hi­mi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy taý­ýar­ly­gy­nyň ug­ry — iň­lis di­li, himi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mekdep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esassyz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk önüm­çi­lik tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Ar­ça­bil şa­ýo­ly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.

Ýene-de okaň

Himiýa boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Teswirle