TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara nebit we gaz uniwersitetine daşary ýurtly hünärmenler çekiler

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Ş. Abdrahmanow Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda uniwersitetiň 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hünärmenler 23 ugur boýunça taýýarlanylýar hem-de bäş ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda okuwa 1480 talyp, magistatura okuwyna bolsa 15 talyp kabul edildi.

Şeýle hem rektor nebithimiýa we gazhimiýa senagaty üçin inžener-himiýa, standartlaşdyrmak, sertifikasiýalaşdyrmak, inžener-tehnologiýa, inžener-ekologiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy Halkara nebit we gaz uniwersitetinde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleriniň ýola goýlandygy we sanly ulgam arkaly tejribe sapaklarynyň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Bu ýokary okuw mekdebinde ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” girizildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowy çagyrdy hem-de wise-premýere we HNGU-nyň rektoryna ýüzlenip, ylmyň, tehnologiýalaryň ösdürilmeginiň, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmagyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda iş alyp barmaga ukyply ýaşlary ýetişdirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentiimz nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirkizaman aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmak arkaly halkara uniwersitetleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen talyplary abraýly halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşdyrylmalydyr, olaryň taýýarlan ylmy işleri önümçilige ornaşdyrylmalydyr.

Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribesinden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, mill hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň degişli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny seljermegiň, şoňa laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara bilim edaralaryny, şol sanda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan СNPС, Dragon Oil, Hyundai, LG, Lukoýl, ARETI we beýleki köpsanly abraýly kompaniýalarynyň okuw merkezlerini işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň nebigaz boýunça öňdabaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmakda, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça bilimleri alyşmakda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol birwagtyň özünde ýurdumyzyň talyplary, mugallymlary we ylmy işgärleri halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşmalydyrlar.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere hem-de rektora bu babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle