BILIM

Halkara nebit we gaz uniwersiteti halkara olimpiada çagyrýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Bu halkara çäreler dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam berer.

Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis.

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler.

Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiada her ýokary okuw mekdebinden gatnaşýan talyplaryň sany 5-den geçmeli däl.

Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly talyplaryň toplan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenilýär.

Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/faculties/48 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny goşulýan nusga laýyklykda taýýarlap 2024-nji ýylyň 21-nji martyna çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebiniň topar ýolbaşçysy bäsleşige programma düzüp çözülýän 3 meseläni hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna 2024-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ugradylmaly.

Daşary ýurtdan gelýän gatnaşyjylaryň wizalaryny we Türkmenistana gelmek üçin beýleki resminamalaryny resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň sanawy gatnaşyjylaryň elektron salgylaryna ugradylar.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21

E-mail: hngu.olimp@gmail.com

Ýene-de okaň

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Türkmen ýaşlary ylmy işlerini hödürleýärler

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gyzy Moskwada geçirilýän şowhunly telebäsleşige gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär