BILIM

Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Şu gün — 29-njy martda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, ýurdumyzda hereket edýän ilçihanalaryň wekilleri, köp sanly myhmanlar hem-de bilim ulgamynyň agzalary gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, olary bilim dünýäsine içgin aralaşmaga itergi berdi. 26-njy martda öz işine başlan olimpiadanyň jemleri şahsy we toparlaýyn görnüşinde jemlendi.

Mälim bolşy ýaly, bu olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden okuwçylaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Onuň jemlerine laýyklykda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň, ikinji orna Türkmenistanyň, üçünji orna bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň mekdep okuwçylaryndan ybarat toparlar mynasyp boldular. Birinji orny eýelän okuwçylaryň toparyna medallar, diplomlar, noutbuk kompýuterleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi. Ikinji we üçünji orunlary eýelän toparlaryň okuwçylaryna kümüş we bürünç medallar, diplomlar, «akylly» saglyk sagatlary gowşuryldy. Bäsleşikde Türkmenistanyň okuwçylary jemi 24 medal, şol sanda 4 altyn, 12 kümüş, 8 bürünç medal gazanmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Türkmen ýaşlary ylmy işlerini hödürleýärler

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gyzy Moskwada geçirilýän şowhunly telebäsleşige gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär