TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Halkara kosmos stansiýasy 20 ýaşynda

Halkara kosmos stansiýasy şu ýyl, özüniň 20 ýyl ýubileý baýramyny belleýär. 2000-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Halkara kosmos stansiýasy öz işine başlady. Soňra ilkinji esasy ekspedisiýanyň ekipažy “Soýuz TM-31” kosmos gämisinde – kosmonawtlar Ýuriý Gidzenko, Sergeý Krikalew we William Çeperd geldiler. Ekspedisiýa gämisiniň uçuşy 2000-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda bolup geçdi. Ilkinji ekipaž stansiýada 136 günden gowrak boldy. Indi orbital stansiýa onlarça blokdan ybarat bolup, ululygy babatda futbol meýdançasynyň ululygyna deň bolup durýar.

Ýerden görüp boljak ýyldyzlaryň arasynda bu iň ýagty we iň çalt hasaplanylýar. Soňky ýigrimi ýyllygyň dowamynda Halkara kosmos bekedine 19 ýurtdan 250 töweregi kosmonawt bardy. Onlarça kosmonawtlar we kosmonawt zenanlar bu ýerde ençeme ýyldan bäri işleýärler we bilelikde ýaşamagy öwrenýärler. Biologiýa, lukmançylyk, fizika we himiýa boýunça köp synaglar we gözlegler geçirildi. Häzirki wagtda bolsa Halkara kosmos stansiýasynda “MKS-64” ekspedisiýasy işleýär. Bu toparda russiýaly Sergeý Ryžikow we Sergeý Kud-Swerçkow, şeýle hem amerikaly Ketlin Rubins işleýär.

“Bu ýubileý iş gününe gabat gelendigi sebäpli iş orunumyzda belleýäris, şeýle hem 20 ýylyň dowamynda uçuşlaryny amala aşyran kosmonawtlary we bizden öň şowly geçiren 63 sany ekspedisiýany ýatlaýarys” diýip, Çwerçkow belleýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle