TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara intellektual eýeçiligiň güni

Her ýylyň 26-njy aprelinde döwletimizde iri baýramçylyk çäresiniň biri bolan Bütindünýä intellektual eýeçiligiň güni giň gerimde bellenilip geçirilýär. Bu sene 1967-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösdürmekde intellektual eýeçiligiň eýeleýän orny hem-de ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halk hojalyk toplumynda öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga we peýdalanmaga gönükdirip alyp barýan syýasaty bilen esaslanandyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halk hojalygynyň düýpgöter özgerdilmegine halkara hyzmatdaşlygynda hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy BMG-nyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň esasy serişdesi hökmünde Intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri bilen meşgullanýar.

Berkarar Döwletimiz Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň köp sanly ylalaşyklaryna hem yzygiderli goşulýar. 2015-nji ýylda döwletimiz 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy. 2016-njy ýylda bolsa edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyna goşuldy. Umuman, döwletimiz abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar. Bu ugurda kanunçylyk binýat hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazarlarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda”, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda” we beýleki hukuk namalar esas bolup hyzmat edýär.

Intellektual eýeçiligiň milli ulgamynyň hereket edýän döwründe daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk babatda anyk ädim ädildi. Munuň özi ýurdumyzyň senagat eýeçiligi pudagynyň halkara patent ulgamyna goşulmagyna uly mümkinçilik berdi. Bu ulgamda alnyp barylýan strategiýa birnäçe milli kanunçylyk-namalaryna hem-de döwletimiziň gol çeken halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýlup, senagat eýeçiliginiň desgalarynyň hukuk taýdan goralmagyny üpjün edýär.

 

                                                                   Baýrammuhammet ALLABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

  Halkara gatnaşyklary institutynyň

                                                           Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

 

Ilon Mask baýrak goýdy

 

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle