TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Halkara guramalary Bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamalary kabul etdiler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlar gelip gowuşdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi.

Resminamada BMG-niň agza döwletleri, beýleki halkara, sebit hem-de sebitara guramalary dawalary parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we çözmekde Bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrylýar hem-de Türkmenistanyň 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahaty özünde kabul etmek baradaky çözgüdi goldanylýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamada Bitarap ýurtlaryň BMG-niň adatdan daşary ynsanperwer kömeginiň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmagyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, adatdan daşary çylşyrymly ýagdaýlarda hem-de tebigy betbagtçylyklarda ynsanperwer kömegini bermekde we ýetirmekde eýeleýän möhüm orny ykrar edilýär.

Resminamada bitaraplyk syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara hem-de sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi, dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtalýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy agza döwletleri we onuň edaralaryny 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýeti” atly ýokary derejeli halkara maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Teswirle