TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlar

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlarda hem täze möhlet belli boldy we uçar gatnawlary 30 Sentýabr 2020 senesine çenli ýatyryldy. Ýadyňyzda bolsa ýakynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkiýe döwletindäki  bilet satyş wekilhanasyny bolup durýan Hakim Turizm Akyıldızlar Dış Ticaret Ltd şereketine salgylanyp Türkmenistanyň Stambul gatnawynyň 1 Oktýabr 2020 senesine çenli togtadylýandygyny habar beripdik. Ol habarda şeýle diýlipdi, ýagny,  Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, “Türkmenistan” awiokompaniýasy Aşgabat-Stambul / Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryny 01 Oktýabr 2020 senesine çenli togtatdy” diýlip bellenipdi.

Ýene bir bellemeli zat, Türkmenistanyň uçar gatnawlary bilen baglanşykly  “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru    internet  saýtyna salgylanyp ýörite habary www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyna ýerleşdiripdik. Şol habarda bu internet saýtynda Türkmenistanyň uçar gatnawlary barada her aýyň 15-20-lerine maglumat ýerleşdirilýändigini belläp, şol habary saýtymyza ýerleşdiren senämize, ýagny 24.08.2020 senesine çenli togtadylmagyň möhletiniň uzadylýandygy ýa-da uzadylmaýandygy barada habar ýerleşdirilmändigini üns çekipdik.

Bugün “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru    internet  saýtyna täze habar ýerleşdirildi we ol habarda aşakdaky görkezilen ugurlar boýunça uçar gatnawlarynyň 30 Sentýabr 2020 senesine çenli ýatyrylýandygy görkezilýär.

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyryldy:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Aşgabat-Stambul uçar gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

Stambul we beýleki ugurlar boýunça uçuşlar, şeýle hem Türkmenistan baradaky beýleki habarlardan gyzgyny bilen habardar bolmak isleseňiz, onda, biziň saýtymyza we jemgyýetçilik tor hasaplarymyza ýazylyň!

Bäsleşik : 25 baýrak we jemi 25.000,00 manat möçberinde pul baýraklary

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlary başlaýarmy?

dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanşykly habarlary okamak üçin

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

Saglyk we COVID19 baradaky habarlar

Ýyldyzlar näme diýýän okyjylarymyz üçin Täleýnama sahypasy

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle