BILIM

Halkara gatnaşyklary institutyna hytaý dilindäki kitaplar sowgat berildi

2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hytaý dilindäki kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu guramaçylykly geçirilen çäräniň baş maksady ýurdumyzda hytaý diliniň öwredilşine ýardam bermek bolup, berlen kitaplar institutyň talyplary üçin uly sowgat boldy.
Sowgat hökmünde gelip gowşan kitaplar täze neşirler bolup, olaryň esasy bölegini sözlükler, hytaý diliniň amaly sapaklary üçin niýetlenen ýörite gollanmalar düzýär. Şeýle-de hytaý medeniýeti, taryhy, lukmançylygy, döwlet syýasatyna bagyşlanan kitaplar hem bu gowşurylyş dabarasynda aýratyn orun aldy.
Köp taraplaýyn alnyp barylýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň çäklerinde bilim ulgamynda şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi ýaşlarda hytaý dilini öwrenmäge bolan höwesi has hem artdyrýar. Bu bolsa dostlukly gatnaşyklaryň has hem berkemegine ýardam edýär.

Ýene-de okaň

«Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda geçirilen III Halkara himiýa olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi

Türkmenistan-Hytaý: ylym ulgamynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri