TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMJEMGYÝET

Halkara gatnaşyklar instituty hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär.

Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär.

Geljek ýyllarda beýleki hünärler boýunça şu esasda okatmak hem-de instituty hojalyk hasaplaşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen täze okuw bölümlerini, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ýaş diplomatlaryň mekdebini, strategik barlaglar boýunça ylmy merkezini açmak, şeýle hem sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistana geldi

Döwlet Dumasynyň Başlygy şu gün Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Teswirle