Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda “Halkara sport güni – parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna” atly halkara forum geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew alyp bardy. TMSweSI-niň prorektory G.Sähedow giriş sözi bilen başlan forumda ýene-de birnäçe ýolbaşçylar çykyş etdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi Natia Naswlişwili, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň başlygynyň orunbasary Filipp Sapryki, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň esasy hünärmeni G.Kasymow, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy R.Çaryýew, Türkmenistanyň Milli welosport tehniki merkeziniň direktory W.Zasepi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, sportuň sambo görnüşi boýunça Türkmenistanyň sport ussady A.Annasähedow dagylar hem öz çykyşynda ýurdumyzyň sport ulgamyndaky gazanan üstünlikleri, türkmen sportunyň halkara derejesindäki orny dogrusynda belläp geçdiler.