JEMGYÝET

Halkara Duşuşyklaryň Täze Görnüşi : Wideo Görnüşde Iş Maslahaty

Wideo görnüşindäki iş maslahaty öňden bäri ullanyp gelinýän bolsa hem soňky döwürde has giňden ullanylýan iş maslahaty görnüşleriniň biri boldy. Şu nukdaýnazardan  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde berilen maglumatlary hasaba alyp soňky döwürde geçirilen ýa-da geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe wideo görnüşindäki iş maslahatyny mysal getirmek isleýäris:

  • 14-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Ýewropanyň we Aziýanyň ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly hem-de ulag geçelgelerini ösdürmegiň halkara hukuk binýadyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideo görnüşde iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň ugurdaş halkara resminamalaryň birnäçesine goşulmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
  • 23-nji aprelde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde awtomobil ulaglarynyň hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri boýunça wideomaslahatyny guramak meýilleşdirilýär.
  • Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen amala aşyrylýan taslamalary görkezmek bolar. 22-nji aprelde UNCTAD hem-de ýurdumyzyň degişli edaralary bilen bilelikde ornaşdyrylýan «ASYCUDA World» ulgamy arkaly Türkmenistanyň ähli gümrük nokatlarynda «Bir penjire» toruny ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Dürli ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işine möhüm orun berilýär. 17-nji aprelde türkmen-koreý işewürler geňeşiniň çäklerinde wideokonferensiýa geçirmek meýilleşdirildi.
  • Şu ýylyň maý aýynyň birinji ýarymynda Hazar deňzi-Gara deňzi üstaşyr we ulag ugruny döretmek hem-de durmuşa geçirmek hakynda dörttaraplaýyn hökümetara Ylalaşygynyň taslamasy boýunça hünärmenler derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirmek ylalaşyldy.
  • Ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy