SIZDEN GELENLER

Halkara dillerini öwrenmekde multimediýa tehnologiýalary

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Dil biziň medeni derejämiziň görkezjisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýaşlarymyza diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl, eýsem, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirlendir. Döwrüň ösmegi, özgermegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hasda ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dünýäde dabaralanmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Halkara dillerini öwrenmegiň nazaryýetinde we tejribesinde multimediýa tehnologiýalary has bir çalt ösýän kompýuter lingwistika pudagydyr. Dil öwrenmegiň ilkinji ädiminden multimediýa tehnologiýalarynyň zerurlygy aýratyn duýulýar. Ol diňe bir okyjynyň, öwrenijiniň ýerlikli peýdalanmagyndan däl-de eýsem, dürli tejribe ähmiýetli programmalaryň aýratynda tekstleri redaktirlemekde, dürs ýazuw barlag programmalarynda, elektron sözlüginde, elektron tablisasynda, neşirýat ulgamynda, ensiklopediýada, oýun we dürli programmalarda ulanylmagydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlaryna nemes we ýapon dillerini öwretmeklik işine hem badalga berilendigi bellärliklidir. Döwrüň ösmegi, özgermegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dünýäde dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär.Tutuş durkuňa aňyňa siňen ene diliňi özleşdirmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmek ynsany kämillige getirýär. Hoşniýetli gatnaşyklara we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn daşary syýasatyň netijesinde döwletimizde ýaş nesle döwrebap derejede daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri üçin çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek bilen başga halkyň döredijiligini, ýokary ahlak duýgularynyň täsin dünýäsi açylýar. Daşary ýurt dilini öwrenýän adamlar has ýiti we giňişleýin oýlanmak ukybyna eýedirler. Alymlar ýaşlykdan daşary ýurt dilini öwrenen adamlaryň eýýäm kämillik ýaşyna ýetenden soň has çuň we ýiti ýatkeşlige eýe bolýandyklaryny subut etdiler. Dil medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň hökmany hem-de aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde çagalar “multimediýa eýýamynda”, informasion dünýäde ösýärler şoňa göräde mümkin boldugyça mekdepleri kämilleşdirmek we şonuň bilen bilimiň hilini ýokarlandymak üçin bar bolan ähli tehniki serişdeleri ulanmak gerekdir. Häzirki zaman sapagyny okatmagyň döwrebap usullarsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi täze tehnologiýalaryň, okatmagyň perspektiw usullarynyň ähmiýeti okuwçylaryň intellektual, döredijilik we ahlak ösüş prosesine gönükdirilendir.

Biziň häzirki döwrümiz ylmy progresiň, maglumat tehnologiýasynyň günsaýyn çalt depginler bilen ösýän döwrüdir. Bilim edaralarynyň ählisi internet ulgamyna çatylan häzirki zaman kompýuterler we innowasion tehnologiýalar, şol sanda soňky ýyllarda bilim ulgamynda giňden ulanylýan multimediýa enjamlary bilen üpjün edildi. Programmalaýyn multimediýa tehnologiýalary maksadyna görä öwrediş, tanyşdyryş (prezentasiýa), wideo we saz maglumatlary işläp taýýarlamak ýaly ugurlara bölünýär. Dil öwrenmekde gündelik ulanýan multimediýa tehnologiýalarynda elektron kitaplar we gollanmalar, interaktiw tagtalar, elektron ensiklopediýa sözlükler, wideo we audiotehnikalar, interaktiw kartalar we atlaslar, interaktiw konferensiýalar, bilim berijilik internet çeşmeler, sanly bilim üçin maglumatlar jemlenendir. Netijede biz hem multimediýa tehnologiýalaryna esaslanan sapaklaryň onlarçasyny taýýarladyk.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda tassyklan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” we bu resminamany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň möhüm binýady bolup durýar. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksadyna laýyklykda, “Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok.

Lebap welaýatynyň Saglygy dikeldiş

okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy

Babajan Musaýew

Türkmenistan Hazar sammitini ýüzbe-ýüz geçirmegi zerur hasaplaýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz