TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk edaralaryň ýolbaşçylary, şol sanda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda asylly däbe eýerilip, iş kesilen 308 sany raýatymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Wolodin: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyza möhüm ähmiýet berýäris

Teswirle