TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara binagärlik güni

Dünýäniň dürli künjeklerinden her ýyl oktýabr aýynyň birinji duşenbesinde halkara baýramçylygy – Bütindünýä binagärlik gününi belleýärler. Halkara binagärler birleşigi, UIA tarapyndan esaslandyryldy.

Ilkinji ýyl 1985-nji ýylda ISA-nyň ýygnagynda her ýyl 1-nji iýulda Bütindünýä binagärlik gününi bellemek kararyna gelindi. 1996-njy ýylda Halkara Arhitektorlar Bileleşigi, Barselonadaky 20-nji Baş Assambleýasynda Bütindünýä Binagärlik güni oktýabr aýynyň birinji duşenbe gününe geçirmek barada karar kabul edildii.

Bu sene diňe bir hünär baýramçylygy däl, arhitektorlaryň işine hormat, ylym bilen sungatyň utgaşmasy bolan işleriniň ykrar edilmegi, binagärligiň adamlaryň durmuşynda möhüm orny. 1950-nji ýylda dünýä ilatynyň üçden biri şäherlerde ýaşaýardy. Diňe 50 ýyldan soň bu görkeziji ýarysyna çenli artdy we 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň üçden iki bölegine (6 milliard) çenli artmagyny dowam etdirer. Şeýlelik bilen, şäherler indi adamzadyň ýarysynyň mekanydyr.

Mälim bolşy ýaly, her ýyl belli bir senä bagyşlanan hünär baýramçylygynda dünýäniň çar künjegindäki arhitektorlar konferensiýalara ýygnanyp, amaly işleriniň şertlerini we netijelerini ara alyp maslahatlaşýarlar, binagärlik biliminiň meselelerine seredýärler we döredijilikli pikir alyşýarlar. Dünýäde sergiler, festiwallar we beýleki çäreler gurnalýar.

 Baýramgulyýew Wepamyrat

TOHU-nyň talyby

Birža täzelikleri: BAE-li işewürler nah ýüplügini satyn aldylar

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle