TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara arbitraž tomusky okuwy guralar

Türkiýe Respublikasyndaky Ibn Haldun uniwersiteti, Bakuwyň döwlet uniwersiteti hem-de Türkiýäniň Arbitraž akademiýasy Türki döwletleriň guramasynyň goldawy bilen halkara arbitraž tomusky okuwyny guraýar. Ilkinji gezek geçiriljek bu okuw täze nesil hukukçylary arbitraž ulgamynda has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, hukuk ulgamynda arbitražyň ähmiýeti uludyr. Ol halkara söwda we maýa goýum düşünişmezlikleri ýüze çykanda şol meseleleri çözmek üçin ygtybarly mehanizm bolup hyzmat edýär.

5 gün dowam edýän maksatnamada arbitraž ulgamynda kämilleşen bilermenler tarapyndan sapaklar berler. Şeýle hem tomusky okuw döwründe atbitraž ulgamyna degişli wakalara syn berler we olara boýunça bilelikde seljerme işleri geçiriler.

Bu maksatnama bu ugurda ýaş hünärmenler üçin taýýarlandy. Türki döwletlerden gatnaşjak hünärmenleri höweslendirmek maksat edinilýär.

Guramaçylar tomusky okuwa gatnaşjak hünärmenleriň ýaşaýyş jaý we iýmit çykdajylary öz üstüne alýar. Syýahat üçin çykdajylar gatnaşyjylara degişlidir.

2023-nji ýylyň 30-njy maýyna çenli gatnaşmak üçin ýüz tutup bilersiňiz.

Ýüz tutmak üçin şu salga basyp bilersiňiz.

Şeýle hem goşmaça maglumat üçin: ucam@ihu.edu.tr

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Kazandaky bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşdy

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

Teswirle