Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisini geçirildi. Bu mejlis Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň mejlisler zalynda guraldy.
Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Ýazmyradow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, atşynaslar, ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleri gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan mejlisinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp baran işlerine syn berildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Ýazmyradowyň bellemegine görä, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň sany ýylyň-ýylyna artýar. Häzirki wagtda dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda assosiasiýanyň agzalary bolup, olar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde giňden tanalmagyna hem-de at-abraýynyň belende göterilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanynyň köpeldilmegine uly goşant goşýarlar.
Mejlisiň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» Blanka De Toledonyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy, Russiýa Federasiýasynyň «Ahalteke inform» žurnalynyň baş redaktory, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowanyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlary diňlenildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzasy Blanka De Toledo Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, ahalteke bedewleriniň Ýewropada giňden tanalmagy ugrunda giň tagallalar edýändiklerini bellediler.
Russiýa Federasiýasynyň «Ahalteke inform» žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa bolsa öz çykyşynda ahalteke bedewleri baradaky makalalar toplumlarynyň, olaryň taryhy we häzirki döwürde daşary ýurtlarda at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda edilýän işler barada yzygiderli habarlaryň çap edilip durulýandygy, russiýaly suratkeşleriň ahalteke bedewleri barada çeken suratlarynyň sergileriniň guralýandygyny, şeýle hem russiýaly ýaşlara ahalteke bedewleri barada maglumatlaryň yzygiderli ýetirilýändigini belledi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryndan Gazagystan Respublikasynyň “Ahal-teke” atçylyk hojalygynyň başlygy Dik Ýakow hem-de kanadaly hususy atşynas Kerri Jo Stewart «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň eýesi boldular.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler dowam edýär. Şu ýylyň 27-nji aprelinde Daşoguz welaýatynda baýramçylyk at çapyşyklary guralar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň durky hem-de çapuw ýodasy täzelenip, baýramçylyk dabaralaryny guramak üçin ähli mümkinçilikler döredildi.