TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary näme?

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  iki palatasyndan biri bolan Halk maslahatynyň ygtyýarlyklary Konstitutsiýamyzyň üýtgeýän 80-2-nji maddasynda bellenilýär. Bellemeli zat,  Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

 Türkmenistanyň Halk Maslahaty

1) Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär;

2) Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garaýar;

3) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;

4) Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;

6) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

7) Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär;

8) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

9) Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.»;

Degişli habarlar:

Milli Geňeşiniň agzalygyna näçe agza saýlanyp bilýär?

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Baş Redaktor

Teswirle