TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Ýurdumyzyň taryhynda möhüm orun eýeleýän Halk Maslahatynyň mejlisi ilkinji gezek sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna seretmek bilen bir hatarda döwlet durmuşyna degişli meseleleler girizildi.

Halk Maslahatynyň mejlisine hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçysy we deputatlar, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň häkimleri, Halk Maslahatynyň agzalary, kärhanalaryň we guramalaryň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular, eneler we ýaşlar gatnaşýar.

Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatyndaky Ruhyýet köşgüne, Ahal welaýatynyň gatnaşyjylary “Ak öý” binasyna, Aşgabat şäheriniň wekilleri bolsa “Mekan” köşgüne ýygnandylar.

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle