TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasy bardy. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkiýe Respublikasynda bolup geçen heläkçilikli ýer titremesi zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bolup geçen tebigy heläkçilik sebäpli açylan gynanç bildirmek üçin döredilen kitaba ýazgy ýazdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna bu kyn gününde ýanynda durýandygyny belläp, ähli kömegini we goldawy bermäge taýýardygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly,  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

 

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle