TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasy sapary meýilleşdirilýär

2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar.

24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyna gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda ministr Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň adyna ýollan hatyny gowşurdy.

Milli Assambleýanyň Başlygy jogap hatyna çuňňur minnetdarlygyny bildirip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň köp ugurlary boýunça ösdürilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny aýratyn belledi. Ol şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamdowyň ýakyn wagtda Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady. Meýilleşdirilýän saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin möhüm tapgyr boljakdygy barada aýdyldy.

Günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok-su bilen duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň halkara meýdançalaryndaky, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada bellenildi. Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunçaTürkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.

Taraplar şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň anyk netijelerini, şol sanda Aşgabatda Patyşa Sedjong adyndaky institutynyň fondunyň Koreý dili we medeniýeti boýunça bilim beriş merkeziniň açylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapynyň bilim, şol sanda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary üsti bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanmasy bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle