TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Onuň dowamynda Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň  agzalarynyň döwlet derejesinde geçiriljek çärelere, aýratyn-da, Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Gaznanyň Ýaşulular geňeşiniň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde hemaýat bermek üçin howandarlyga mätäç bolan çagalary hödürlemek, gaznanyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara halkymyzyň taryhy we milli däplerine, kanunçylyga laýyklykda mynasyp adyň dakylmagyny gazanmak, durmuş goldawlaryny bermek ýaly wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşan we Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik eden ýaşulularyň bu baradaky pikirlerini we maslahatlaryny diňledi.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle