TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýada saparda bolar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.

Myhman Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygyna mähirli salamyny beýan edip, şu saparyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi hem-de çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl şanly senäniň — Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa — Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýä gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýer titreme zerarly Türkiýä gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Teswirle