JEMGYÝET

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün etmek boýunça işleriň gurnalandygyny belledi. Ilatyň umumy lukmançylyk barlagy geçirilýär we adamlaryň immun ýagdaýyny gowulandyrmak üçin beýleki zerur çäreler görülýär. Döwlet derejesinde bu ýiti ýokanç kesele garşy durmak hem-de oňa garşy durmaga taýynlygy üpjün etmek üçin meýilnama kabul edildi. Pandemiýa garşy göreşmek üçin dessin durmuş-ykdysady çäreler meýilnamasy hem tassyklandy – diýip,  milli Liderimiz öz çykyşyndan belläp geçdi.

Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we bu ýokançlyga garşy göreşde mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak häzirki wagtda möhüm ugurlardan biridir. Döwlet Baştutanymyz şu gün saglygy goraýyş işgärleriine goşmaça ýeňillikleri göz öňünde tutýan karara gol çekjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze görnüşini taýýarlamagyň zerurdygyny bellän hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli ýolbaşçylardan we hünärmenlerden anyk tekliplere garaşýandyklaryny belledi.

YLYM-BILIM  – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM UGRY

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda bilim ulgamyny ösdürmäge degişli meseleleriň üstünde hem durup geçdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň netijesinde ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-taslama merkezlerinde, önümçilik ylmy guramalarynda ylym bilen gyzyklanýan ýaşlaryň täze nesli emele gelendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş hünärmenleri taýýarlamak, kärlerini ýokarlandyrmak üçin belli ugurlary kesgitlemek boýunça degişli Maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Häzirki wagtda ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek üçin kabul edilen maksatnamalara aýratyn üns bermelidigini belläp geçdi.

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

 

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

 

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy