TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahaty Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ählihalk forumyny açyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada maksatnamalaýyn çykyşyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyldaky Halk Maslahatynda täze konstitusion özgertmelere badalga berildi. Bu özgertmeleriň esasy maksady iň ýokary wekilçilikli guramalaryň – Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň işini gowulandyrmak, şeýle hem kanun çykaryjy organyň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini täze derejä çykarmak bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz 29 ýylyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sazlaşykly ösüş gazanylyp, tebigy baýlyklarymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi peýdalanyp, ýokary öndürijilikli täze senagat önümçiligini, giň ulag we logistika infrastrukturasynyň döredilendigini hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dünýä ülňülerine getirilendigini belledi.

Türkmenistanyň 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny, 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy hem-de 150-den gowrak halkara konwensiýalara, şertnamalara we köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy bolup durýandygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleriniň döwletleri, Ýakyn Gündogar, Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary dürli ugurlarda berkitmäge uly ähmiýet berýändiklerini bellän döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kuwwatly döwlete öwrülendigini belledi.

SENAGAT UGURLY ÖNÜMÇILIGE GIŇ GERIM BERILDI

Milli Liderimiz  häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard ABŞ dollaryndan gowrak 2,5 müň töweregi uly desga gurulýandygyny belledi.

  • Diňe Milli oba maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl 1-nji sentýabryndaky maglumatlara görä, 2 saglyk öýi, 216 kilometrlik inženerçilik ulgamy we desgalary, takmynan 510 kilometr aragatnaşyk ulgamy, umumy meýdany 792,3 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy
  • Maýa goýumlarynyň hasabyna Gyýanlyda gaz himiýa toplumyny, Türkmenabat himiýa zawodynda fosfor dökünleri öndürýän önümhanany, Daşoguz welaýatynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak we Galkynyş gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryna başlamak meýilleşdirilýär.
  • Häzirki wagtda halkara ulag geçelgeleri taslamalary durmuşa geçirilýär, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtobany gurulýar, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi we beýleki sebit taslamalary amala aşyrylýar.
  • Soňky ýyllarda ýurtda aýna, demirbeton we beýleki önümleri öndürmek üçin ýurtda täze mümkinçilikleri döretmek üçin köp mukdarda maýa goýumlary goýuldy, netijede gurluşyk materiallary pudagynda önümçiligiň mukdary birnäçe esse artdy. Mysal hökmünde, hususy pudagynyň wekilleri tarapyndan alnyp barylýan Bäherden we Lebap welaýatyndaky sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Milli Liderimiz öz çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň hem-de  ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan Merkezi Garagumdaky gaz gysyjy bekediniň gurluşygynyň çaltlaşdyrmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde, Gün we ýel energiýasynyň mümkinçiliklerine seredilýändigini belläp,  2019-2025-nji ýyllar üçin “Altyn Asyr” köl sebitini ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda bu ýerde gurulýan obalara we desgalara gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa beriljekdigini aýtdy.

DÖWLET BÝUJETINIŇ AGRAMLY BÖLEGI DURMUŞ MAKSATLARA GÖNÜKDIRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiz koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy ähli ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir edendigini belläp, dünýädäki kyn maliýe we ykdysady şertlere garamazdan, Türkmenistan ykdysadyýetiniň durnukly ösüşe eýe bolandygyny, ep-esli maliýe çeşmelerini ätiýaçda saklamagy başarandygyny belledi.

Geçen ýylyň Halk Maslahatynda kabul edilen 5 ýyllyk ösüş maksatnamasyny kyn şertlere garamazdan, ýerine ýetirmek ugrunda zerur çäreleriň görülýändigini bellän milli Liderimiz döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigini belledi.

Uly maliýe çeşmeleri obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin sarp edilýär. Geljek ýyl, döwlet býujetiniň hasabyna, maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mundan başga-da, döwlet býujetinden bölünip berlen serişdeleriň köp böleginiň bilim, saglygy goraýyş we Pensiýa gaznasyna gönükdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyndaky önümçiligiň innowasion derejede döwrebaplaşdyrylmagy, ulag-logistika ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we taslamalar barada hem durup geçdi.

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

 

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle