TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Halk maslahaty: daşary syýasat ugry…

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Bu mejlis iki tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işler boýunça hasabatlar diňlenildi.

Şol mejlisde ýurdumyzyň daşary syýasat ugry boýunça hem hasabatlar berildi:

  • 2021-nji ýylda 208 sany halkara resminamalara gol çekildi.
  • Türkmenistan bilen daşary ýurtlar bilen daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça syýasy maslahatlaşmalar amala aşyrylýar.
  • Şu babatda 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň, Owganystanyň, Oman Soltanlygynyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Marokkonyň, Pakistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
  • Şeýle hem Awstriýanyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Çehiýanyň, Fransiýanyň, Finlýandiýanyň, Filippinleriň, Eýranyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Rumyniýanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralary bilen maslahatlaşmalar gurnaldy.
  • Şol bir wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ABŞ-nyň arasynda C5+1 köptaraplaýyn ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi, Merkezi Aziýa-Hytaý, Merkezi Aziýa-Russiýa, Merkezi Aziýa-Hindistan we Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy daşary işler ministrleriniň duşuşyklary geçirildi.
  • Türkmenistan bilen dünýäniň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Kongo Respublikasynyň hem-de Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.
  • Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň wajyp ugurlarynyň biri hem ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we olary giňeltmek göz öňünde tutulýar.
  • Bu babatda 2021-nji ýylyň ýanwar-dekabr aralygynda Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň we Ermenistanyň ýurdumyzdaky ilçileri, BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy öz ynanç hatlaryny Türkmenistanyň Prezidentine gowşurdylar we öz wezipelerini ýerine ýetirmäge başladylar.
  • Şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýadaky, Gazgaystandaky, Oman Soltanlygyndaky Tunisdäki, Polşadaky we Kuweýt döwletindäki ilçileri bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna öz ynanç hatlaryny gowşurdylar.
  • Türkmenistan daşary ykdysady işine hem aýratyn ähmiýet berýär.
  • Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus, türkmen-eýran, türkmen-rus, türkmen-täjik, türkmen-özbek, türkmen-gyrgyz, türkmen-gazak toparlarynyň, hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň, senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparyň nobatdaky duşuşyklarynyň geçirilendigi bellenildi.
  • Hasabat döwründe Türkmenistanyň işewürleri bilen Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Kataryň, Koreýa Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Portugaliýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Saud Arabystanyň we Ýaponiýanyň işewürleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.
  • https://www.atavatan-turkmenistan.com/2021-nji-yylyn-in-gowy-etraby-danew-etraby/

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle