JEMGYÝETSIZDEN GELENLER

Halk içindäki yrymlar

Mälim bolşy ýaly, halk arasynda özboluşly yrymdyr ynançlar bar. Bu yrymlar gadym döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten. Käwagt «Yrym edýän, şuny şeýle edäý» diýip aýdýanlara hem gabat gelýäris. Ynha, biz hem gündelik metbugatda çap edilýän makalalara salgylanyp, käbir yrym-ynançlary size ýetirmegi makul bildik. 

Ýaş çaga altyn-kümüş daksaň, çaga bagtly bolýar.

***

Çaganyň çile saçyny daýysy alsa, ulalanda, sagdyn bolýar.

* * *

Gyz maşgala ýöräp barýarka düz ýerde büdrese, kimdir biri ony ýatlaýarmyş.

* * *

Ertir irden ýola düşeniňde, öňüňden göwreli zenan çyksa, şol gün işiň şowuna bolar.

* * *

Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar.

* * *

Düşen saçy gömmek sogap, zyňmak günä we gelşiksiz bolar.

* * *

Gapydan gelen myhman saglyk-amanlyk soraşansoň, ony bosagada kän saklamaly däl-de, içerik girmegi teklip etmeli. Myhman gelen öýe rysgal geler.

* * *

Uky geler topar-topar, gözläp bidöwleti tapar.

* * *

Zenan maşgala göwreli wagty gowka iýmeli däl. Oglan dogulsa, köse, gyz dogulsa, kel bolýar.

* * *

Göwreli zenan biriniň agzyna öýkünse, çagasy sakaw bolýarmyş.

* * *

Ulugyz keşde çekende, eline iňňe sünjülse, kimdir biri söz aýdyp bilmän ejir çekermiş.

* * *

Iňňe, sübse, tikin tikilýän oýmak ýaly zatlar karz berilmeýär we alynmaýar.

* * *

Nika düşeginiň her burçuna aşyk salyp tikýärler. Şeýle edilse, durmuş guranlaryň ogul-gyzy köp bolýarmyş.

* * *

Ogul öýerilip, toý tutulyp gelnalyjy gitmeli bolanda, gelnalyjynyň sag-aman gidip-gelmegi üçin yrym edilip, akja ýaglyga iki sany çöregi salyp, düwýärler-de, birine berýärler.

* * *

Pişik gapa tarap seredip ýuwunsa, kiçi çaga içerini ýa-da daşaryny sübselese, çaýda boýçy görünse, öýüne myhman gelermiş.

* * *

Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden ýedi ýyldan.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Ata Watan Eserleri

Ukrain kompaniýasy Aşgabatda metro gurmagy teklip edýär

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Türkmenistan – ygtybarly halkara ykdysady hyzmatdaş

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri