Hakyky söýgi we onuň döremegine sebäp bolýan zatlar

Hakykatdanam ynsanyň durmuşynyň özeni, onuň ähli gylyk-häsiýetleriniň we kesbi-kärleriniň kämil derejä ýetmekliginiň esasy şertleriniň biri, duýgularynyň bolsa iň inçeden näzigi söýgüsidir. Söýgüniň mukaddesliginiň beýanyny etmek ýaly kyn hem jogapkärli wezipäni biziň ýaly ýönekeý adamlaryň hötdesinden gelmekçi bolmaklygynda kemçilikler ýa-da bärden gaýtmalar tapyljakdygy gümansyzdyr. Şeýle-de bolsa maksadym döwürdeşlerimi aýratynam ýaşlary päk söýgi, iman-ynsap ,edep-ekram, işde we sözde dogrulyk, yhlas-gaýrat, haýa-şerim, sabyr-kanagat ýaly gözel ahlak sypatlary bilen zynatlamak bolanlygy sebäpli, okyjylarym kemçiliklerimi ötüp-geçerler diýip men berk ynanýaryn. Hakyky söýgüniň ynsan durmuşyndaky orny we oňa edýän täsiri juda uly  bolanlygy üçin, onuň käbir esasy görnüşleriniň we olaryň hersiniň döremekligine we hakyky bolmaklygyna sebäp bolýan zatlaryň üstünde gysgaça durup geçsek göwnejaý bolsa gerek. Owaly bilen ynsan özüniň hem bütin barlygyň ýaradyjysy bolan beýik Allatagalany tanamagy we söýmegi, sogaply işleri edip ýalkamagyny umyt etmegi, haram we günä işleri etmekden gazabyndan gorkup saklanmagy has dogrusy onuň söýgisini gazanmaklygy zerurdyr. Munuň üçin bolsa ynsanyň haram-halal, günä-sogap meselelerini öwrenmegi soňra bolsa özüne erk edip ogurlyk, kişiniň hakyny iýmek, serhoş ediji içgileri içmek, humarly oýunlary oýnamak, para we süýthorluk ýaly haram işlerden gaça durmagy, ene-atany ynjytmak, ýalan, gybat, töhmet, hile we tekepbirlik ýaly günä işlerden özüni saklamagy hökmandyr.Bulardan başga-da parz amallaryny ýerine ýetirmek bilen işde we sözde dogry bolmagy, ynsanperwerlige, ynsaba, adalata çyn sarpa goýmagy Biribara bolan söýgisiniň hakykylygynyň delili bolup, garşylykly iň beýik söýginiň döremekligine hem sebäp bolar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, mukaddes söýginiň her görnüşiniň beýanyny degişli bir bent öz goşgy setirlerim bilen jemlemegi makul bildim.

Söýgi, Umyt, Gorky gerek kemally,

Kim arzuwlap gezse jennet, jemalny,

Barsa görejegi nury-imanly,

Söýgüdir,

Söýgüdir,

Söýgüdir, Söýgi.

Mukaddes söýgüniň görnüşleriniň iň esasylarynyň içinde ene-atanyň perzentlerine bolan söýgüsiniň beýanyny ynsanyň Watana bolan söýgüsi  bilen utgaşdyryp bir hatarda getirmek has dogry bolar. Çünki jennet enelerimiziň aýaklarynyň astyndadyr diýen paýhasa uýup, enäni-käbä, atany-kybla deň gören dana pederlerimiz Watan söýgüsini ene-atanyň perzentlerine bolan söýgisine meňzedip, Watany-ata ,topragy-enä deňemekleri söýgüniň bu iki görnüşiniň hem mukaddesliginiň we biri-biri bilen aýrylmaz baglydygynyň  subutnamasydyr.

Watanyň sözüdir atanyň sözi,

Watanyň gözüdir enäniň gözi,

Meger bu dünýäde enäniň özi

Söýgüdir,

Söýgüdir,

Söýgüdir, söýgi.

Çagalykdan perzentlerine Watany çyn ýürekden söýüp,Watanyň duzyny haklamagyň ene-atany razy etmekligiň parzlygy bilen deň derejelidigini düşündirmek her bir ene-atanyň   borjydyr.Watany söýmekligiň imandanlygyny, Watany ýürekden söýüp, Watan üçin janyny gurban eden mertlerimiziň şehitdiklerini,olaryň öli dälde ebedi diridiklerini düşündirenimizde ýaşlarda Watana bolan hakyky söýginiň döremekligine biz sebäp bolarys.

Watanyň şanyna şöhrat getiren,

Jeňde Watan baýdagyny göteren,

Mert ýigidi şehitlige ýetiren,

Söýgüdir,

Söýgüdir,

Söýgüdir, söýgi.

Ynsanyýete we ýaradylan ähli barlyga bolan söýgä ynsan durmuşynyň özeni diýip aýdylsa has ýerine düşdigi bolsa gerek.Bir ynsanyň tekepbirlik, görüplik, gybat, töhmet, duşmançylyk ýaly gabahat we şer işleri ýigrenip, parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi söýmegi we ynsanlar bilen ýagşy gatnaşykda bolup, özüne ýakmajak sözi we hereketi başgalar  üçin hem islemezligi, daş-töweregimizi gurşap alan janly-jansyz ähli barlyga eýeçilik gözi bilen garamagy, haýwanat dünýäsine rehim-şepagatly bolmagy ýaşlykdan gören dogry göreldesiniň we alan dogry terbiýesiniň netijesidir.Ýaşlykdan şeýle görüm-görelde  bilen terbiýelenip ýetişdirilen her bir ynsan ýaradylan ähli barlygyň adamzadyň ýer ýüzünde bagtly we bagtyýar ýaşamaklygy üçin ýaradylandygyna dogry düşünip, dünýä söýgi gözi bilen bakar. Bu bolsa ynsanyýete we ýaradylan ähli barlyga bolan hakyky söýgi bolup  ynsan durmuşynyň özenidir.

Okap bilersiňiz  Beýik Britaniýada okamak üçin talyp haky

Ynsanýetiň, bu barlygyň düzeni,

Myradyna ýeti:r  jana dözeni,

Bilseň ynsan durmuşynyň özeni,

Söýgüdir,

Söýgüdir,

Söýgüdir,Söýgi.

Ynsanyň  ylma we zähmete bolan söýgüsiniň beýanynda söýginiň bu iki görnüşiniň özara baglanyşygyny şeýle hem olaryň döremekligine we hakyky bolmaklygyna sebäp bolýan zatlaryň meňzeşligi hakynda gysga söhbet ederis.Ýaşlykda alnan ylym daşa ýazylan ýaly bolup,ýaşlykda zähmetde taplanmadyk ynsana ulalansoň iş hoş ýakmaýanlygy,ylym-bilime bolan söýgüniň yhlasly zähmetden soň hasyl bolup,zähmete bolan söýgüniň ylym-bilim bilen kämilleşýänligi bu iki duýgynyň döremeklerine sebäp bolýan zatlaryň meňzeşdiginiň we bibi-biri bilen aýrylmaz baglydygynyň delilidir.Ynsanyň ylym-bilime bolan söýgüsiniň hakykylygy şol ugurda çekýän yhlasly zähmetine görä bolup, mukaddeslige öwrülmeginiň derejesi alan bilimini il-halk üçin bähbitli işlere ýagny,halal zähmete gönükdirişine görädir. Ynsanyň zähmete bolan söýgüsiniň hakykylygynyň we mukaddesliginiň ölçegi gazanjynyň halal bolmagyna berýän ähmiýetine görädir.

Ýaşlykdan ynsana ömürlik ýaran,

Yhlas, gaýrat bilen ýürekde körän,

Ylyma, bilime, zähmete dörän,

Söýgüdir,

söýgüdir,

söýgüdir, söýgi.

Söýgi hakda söz açylan badyna  ilki bilen söwer ýar söýgüsi ýadyna düşmegi ynsan üçin tebigy bir haldyr. Söýgüniň bu görnüşiniň döremegine sebäp bolýan zatlar her ynsanyň ýaradylyş tebigatyna we dünýägaraýşyna görä köpdürlidir. Bu pynhan duýgynyň döremegine sebäp bolýan zatlaryň ählisini söz bilen beýan etmek mümkin bolmasa-da, hakyky bolmaklygyna we mukaddeslige öwrülmekligine zerur bolan zatlar bellidir.Söýginiň ýokarda agzalyp geçilen görnüşleriniň ählisinde bolşy ýaly bu görnüşiniň hem hakyky bolmaklygyna  çagalykdan görülen göreldäniň,alnan terbiýäniň, maşgaladaky agzybirligiň,sylag-hormatyň,söýginiň täsiri örän uludyr.Hakyky ynsan gözelliginiň   edep-ekramda,haýa-şerimde we kalp arassalygyndalygyna akyl ýetirmegi her bir ýaş juwanyň  durmuş ýolunda öz taýyny   tapmaklygyna sebäp bolar.Ynsanyň ynsanlyk gymmatynyň namys päkligindeligi sebäpli  söýgüniň bu görnüşine päk söýgi diýlendir.Ýar söýgüsiniň hakykylygy namys päkligi bilen bir hatarda  beýleki dünýewi bähbitleriň hem ählisinden  päk bolmagyndadyr.Mukaddeslige öwrülmeginiň derejesi bolsa onuň ömürlik wepasyna görädir.

Ol ýedi aşygyň kyssasy mysal,

Jepasy aýralyk, sapasy wysal,

Yşk derdin çekene bellidir,bu hal-

Söýgüdir,

Söýgüdir,

Söýgüdir, söýgi.

 

 

Begnazar Atanyýazow,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň

Inkassasiýa bölümçesiniň başlygy.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!