TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Hakimi Italiýa barýar

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynda oýnaýan Aşraf Hakimi futbol ýoluny Italiýada dowam etdirip biler. Bu futbolçy bilen gyzyklanýan Italiýanyň “Inter” topary gepleşiklerde netije gazanmagy başlady. Bu barada toparyň ýolbaşçysy Guiseppe Marotto gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, futbolçynyň satyn alynmagyna degişli gepleşikleriň netije berýändigi mälim edildi. Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň futbolçysy bolan Hakimi Germainiýada kärendesine oýnaýar.

Ol Germaniýada futbol oýnan döwründe ähli ýaryşlar boýunça 45 duşuşykda çykyş etdi. Şol duşuşyklarda 9 gezek tapawutlanyp, 10 gezek hem topar ýoldaşlarynyň tapawutlanmagyna goşant goşdy.

 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle