TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Habibiň ýolunda barýan Said Nurmagomedow

Russiýaly garyşyk söweş sungaty türgeni Said Nurmagomedow Habib Nurmagomedowyň ýoluny dowam etdirýär. Ol hem “UFC” ýaryşlarynyň çäklerinde ýeňiş gazanyp gelýär. Said bilen Habib dogan däl, olaryň familiýalary meňzeş.

Şu gün irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen “UFC 58” ýaryşynyň çäklerinde Said Nurmagomedow brazil türgen Duslag Silwa de Andradeni ýeňmegi başardy.

Tutluşyk emin agzalarynyň biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda Saidiň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, Said “UFC” ýaryşlarynyň çäklerinde 5-nji ýeňşini gazandy. Ol 2019-njy ýylda Raoni Barselosadan ýeňlipdi.

Umuman, “MMA” çäklerinde Saidiň 17 ýeňşi bar.

 

“Zenit” – Russiýanyň Naýbaşy kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Teswirle