Habibiň futbola bolan höwesi

UFC başa-baş söweş sungatlary guramasynyň ozalky türgeni Habib Nurmagomedow futbola bolan höwesi bilen hem dünýä metbugatynda gyzyklanma döretdi.

Ol golaýda geçirilen Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde oýnanan Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň arasyndaky duşuşygy stadiondan tomaşa edipdir. Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň janköýeri bolan Habib koronawirus ýokanjy sebäpli tomaşaçysyz geçirilen duşuşykdan soňra “PSŽ” toparynyň futbolçysy Kilian Mbappe hem-de derwezebany Keýlor Nawas bilen duşuşyp, olaryň futbol eşiklerini gol çekdirip aldy.

futbola bolan höwesi barada gürrüň beren Habib başa-baş söweş sungatyna hem nähli başlandygy barada aýtdy. Ol çagalykdan bäri futboly gowy görýändigini, futbolçy bolmagy arzuw edendigini belledi. Emma Dagystanda doglandygy üçin sportuň başa-baş söweş sungaty ugruny saýlap alandygyny mälim etdi.

Okap bilersiňiz  Messiniň ilkinji goluna 15 ýyl dolýar

Şeýle hem Habib: “Kim bilýär, belki Ronaldo hem Dagystanda doglan bolsa, ol hem UFC başa-baş söweş sungatyndan çempion bolardy” diýip gürrüň berdi.

Şeýle hem Habib bir gün çagalykdaky futbol höwesi hem-de 6-njy synpda wagty sapakda depderine 200 futbolçynyň adyny ýazandygy baradaky ýakymly ýatlamalaryny hem gürrüň berjekdigini belläp geçdi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!