TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Habib ýylyň dünýä sport ýyldyzy saýlandy

Taryhda adyny altyn harplary bilen ýazdyran dünýä belli UFC guramasynyň russiýaly söweşjisi Habib Nurmagomedow, “BBC Sports Personality” tarapyndan ýylyň dünýä sport ýyldyzy diýip saýlanyldy. 32 ýaşly söweşijiniň şahsy utuk rekordy 29 ýeňişden ybarat bolup durýar. Habib Nurmagomedow oktýabr aýynda Jastin Getži garşy tutluşyk geçirdi. Tutluşykda özüniň 29-njy ýeňşini gazanyp, bu ýeňişden soňra özüniň sport ýoluny tamamlaýandygy barada dünýä mälim etdi. Käbirler bu türgeni söweş sungatynyň ähli döwürleriň iň gowusy diýip hasaplaýarlar.

Habibıň umumy 29 sany ýeňişi bolup, onuň 13 sany ýeňşini UFC guramasynyň ýaryşlarynyň çäklerinde gazandy. Şeýle hem Habib üç gezek ýeňil agram çempion kemerini üstünlikli gorady we MMA taryhynyň iň güýçli türgenleriniň biri diýip hasaplandy. Onlaýn ses berlişikde Habib Nurmagomedow, şwesiýaly taýakly bökmek sportunyň türgeni Araman Dyplantisa, meşhur amerikaly basketbolçy Lebron Jeýmsi, amerikaly golf türgeni Dastin Jonsony, fransiýaly futbolçy Wendi Renary we irlandiýaly boksçy Keti Teýlory ýeňip, baýrakly birinji orna mynasyp boldy.

Geçen ýyl bu baýraga uzak aralyga ylgamak sportunyň türgeni, keniýaly Eliud Kipçoge mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Eliud Kipçoge London şäherinde geçirilen uzak aralyga ylgamak sportunda dört gezek ýeňiji bolup, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda geçirilen ýaryşda, iki sagat wagtyň içinde ylgap geçmegi başardy we bu görkeziji bilen uzak aralyga ylgamak sportunda ilkinji türgen boldy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle