Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol muny özüniň iň soňky hem-de ýeňiş bilen tamamlan tutluşygyndan soňra belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň garyşyk söweş ugru boýunça UFC ýaryşlaryndan ýeňil agramda çykyş edýän Habib Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen tutluşygynda amerikaly Jastin Getžini 2-nji raundda ýeňmegi başardy.

32 ýaşly türgen geçiren 29 tutluşygynda hem ýeňiş gazandy. Habib bu tutluşykdan soňra beren beýanatynda işjeň sport karýerasyny tamamlajakdygyny belledi.

– Hemmeler köp sag bolsun aýdýaryn. 2008-nji ýylda bu sporta baş goýdum. 2012-nji ýylda ilkinji tutluşygyny geçirdim. UFC ýaryşlarynyň ýolbaşçylary maňa ynam bildirdi. Men Dagystanyň adaty daglyk obasynyň oglany. Doganym maňa “Google” saýtynda häzirki wagtda dünýäde iň köp pikir alyşlýan adam bolandygymy belledi. Men muňa ynanyp bilmedim. Men muny kelläme hm getirip bilmedim. Men diňe kakam bilen bu sporta başladym we çempionlyk ädimlerini ätdim. Hemme zadyň şunuň ýaly egnime düşüp biljekdigini bilmeýärdim. Eger siziň ene-ataňyz bar bolsa, onda olaryň ýanynda boluň. Meniň diňe bir hossarym galdy – ol hem ejem. Men oňa has köp wagt aýyrmagy isleýärin – diýip, belledi.

Okap bilersiňiz  Golowin ― «Ýewro-2020»-niň birinji tapgyrynda iň köp «menzil söken» futbolçy

Habibiň bu tutluşygy onuň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandan soňra ilkinji tutluşygy boldy. Abdulmanap Nurmagomedow Russiýanyň at gazanan tälimçisi. Ol şu ýylyň iýul aýynda aradan çykypdy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Türkmenistanyň Hökümeti halkara şertnamalara laýyklykda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryny daşary ýurda iberer. Bu barada "orient.tm" internet neşirinde bellenilip geçilýär. Internet neşirine bu barada ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan degişli meýilnamalar babatda habardar edilen talyplar habar beripdir. Döwletiň hasabyna ozal daşary ýurtda bilim alýan we pandemiýa döwründe Türkmenistana gaýdyp gelen talyplary ibermegi guramak meýilleşdirilýar. Şeýle hem Wengriýanyň we...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi.
Okap bilersiňiz  Olimpiýa oýunlarynda düzgünleri bozanlar ýurtdan çykarylyp bilner
YHG-niň XIV Sammitinde ýurdumyz bu gurama başlyklygy kabul etdi. Şoňa baglylykda, degişli konsepsiýa işlenip taýýarlandy. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde häzire çenli ministrlikleriň derejesinde birnäçe duşuşyklar geçirildi. Mundna başga-da, iýun aýynda energetika ministrleriniň 4-nji duşuşygyny, YHG-a agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň...
Ýurdumyzyň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Galkynyş gaz kanini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam geçirilen mejlisinde bu barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan täze guýylary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmaga halkara bäsleşigi geçirildi. Hytaýyp CNPC kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy. Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň...
Hormatly Prezidentimiz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin haar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary gatnaşdy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
839TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar