5.8 C
İstanbul
19/02/2020 8:21

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni “adam” diýen mukaddes ada mynasyp bolmak.

Oýlanyp göreliñ… Ahlak iman bilen dogan. Ahlak ýok ýerinde yhsana orun tapylarmy? Wyždansyzlyk bilen ýaşaljak ömriñ gelejegi nähili reñklere bürener? Asyl ahlak we wyždansyzlykdan kemala gelen “şahsyýete” adam diýip bolarmy? Diýip bolar. Ýöne onuñ diñe ady “adam” bolaýmasa, ruhynda ynsan sypatyna mahsus keşbi tapmarys.

Añy-düşünjesi ýerinde jemlenen adam oglunyñ ýaşan ömrüniñ her pursaty synag meýdançasy. Ykbal bolsa onuñ synagçysy. Synagdan geçmek biziñ ählimize deñ derejede berlen peşgeş. Bu peşgeş bize belli bir derejede “adam” adymyza mynasyp bolmak üçin ýol arçap berýär. Arçalan ýolda dogry ýaşap üstünlik gazanmaklyk babatda bolsa,  öz ruhy erkinligimiz bize goldawçy bolup hyzmat edýär.

***

Çaga ýylgyrýar. Bu onuñ yzygider agylardan saplanyp ýa-da daşyndaky mähir bilen garaýan gözlere şatlyk paýlap üstünlik gazanmagy.

***

Ilkinji ädim. “Kiçijek adam” uly dünýäñ synasynda öz aýagy bilen ädim ädip, ýoly geçip, ýatmak we emedeklemek kanunynyñ üstünden agalyk edip üstünlik gazanýar.

***

Arzuw. Bir kaka işden argyn halda öýüne dolansa, onuñ öñünden perzentleri: “Kakam gelipdir” diýip ylgaşyp çykyp gujagyna dolsalar, bu nähili bagt. Kakanyñ ruhundaky hem bedenindäki argynlyklar şol pursat öz-özünden zym-zyýat bolaýmazmy eýse… Perzentlerine guwanç bilen garaýan adam, olaryñ ertirki günleri üçin arzuwlaryñ düýpsiz ummanyna gitmezmi?! Elbetde gider. Bu arzuwlar aladasyz çagalygyñ hem çagalaryñ kakalarynyñ durmuş ýadawlygynyñ öñündäki gazanan üstünligi.

***

Sowat. Ele bir giden nokatlardan düzülen şekillije depderi alyp, galam bilen şol nokatlaryñ üstünden aýlaw edip harplaryñ başlangyjyny we sanlaryñ düzümini doldurmak… bu sowatsyzlykdan saplanmak üçin edilen ilkinji üstünlik.

***

Sowgat. Ejeñi gutlamaly güniñ ýetip gelýär. Oña näme sowgat bermeli? Gülmi, aý ýok dünýädäki iñ owadan güle “gül” sowgat etmek nämä derkar… Ýüregiñde ejeñe bolan çäksiz söýgi bar. Çünki seniñ ejeñden gowy eje ýok. Iñ gowy eje üçin mynasyp sowgat näme bolup biler. Oýlanýarsyñ. Eliñe galamdyr kagyz alyp, yhlas bilen surat çekmäge başlaýarsyñ. Ine-de bir enaýy edilip çekilen, gapdalynda öziñ duran ejeli suratyñ taýýar. Ony wagty bilen ejeñe görkezersiñ. Ejedir… hamsygar. Seni bagryna basyp mañlaýyñdan öper. Bu seniñ iñ mähriban adamyñy begendirip bilmek babatda gazanan üstünligiñ.

***

Yşk. Göwnüñde täzeçe hyýallar döräp başlar. Üýtgeşik, uky hem bimaza etmez. Uklanyñdan, kimdir biriniñ pikirini edeniñi gowy görersiñ. Bardy-geldi uklaýsañ hem düýş bilen huşdaky oýlanmalaryñ yzyny dowam edersiñ. Bu seniñ ýetginjek çykyp çagalygyñdan saýlanan üstünligiñdir.

***

Aýakda durmak. Halallyk barada owal-ahyr ruhuña guýlan öwüt-ündewleri ýat beklärsiñ. Durmuş çöregini özüñ gazanyp başlarsyñ. Janypkeşligiñ bilen wezipe derejäñ ýokarlanar. Daş töweregiñde dostlar köpeler. Müñ öwüşginli gözler saña teşnelik bilen gyýa-gyýa bakyp başlar. Ilki bada utanarsyñ. Soñy bilen öwrenşersiñ. Ýöne belent mertebäni depgiletmän işlemek juda kyn bolar. Çünki sende nebis bardyr. Ana şol nebsi ýeñip bilseñ öz aýagyña agram salman ömrüñi dowam etdirmek üstünligiñe degişlidir.

***

Dowamlylyk. Günler geçer. Maşgala bolarsyñ. Çagalaryñ dünýä iner. Ine bu, dünýäde täze dowamaty dowam etdirmeklik üstünligiñdir.

***

Mertlik. Kynçylyklar daşyñy dolap alanynda, ugruñy ýitirip ähli barlygy ýat edesiñ gelse, ilgençekden syrtmagy sallap özüñi heläklemek isleseñ… soñ hem gorksañ, ölmekligiñ, ölesi gelmegi islemekden has aýylgançdygyny syzsañ… ine iñ uly mertlik. Namartlygyñ üstüne gorky bilen atanak çekip batyrlyga tarap uran aýgytly ädimiñ  üstünligiñ çür başy bolman näme bolsun?!

Biziñ her bir üstünligimizde söýgi bar. Söýgi bolsa bizi ýaşadýar. Ýaş edýär. Göwnümiziñ garramazlygynda üstünlige beslenjek synaglardan geçmek biziñ her birimize miýesser etsin! Çagalarymyzyñ ýylgyryp, gujagymyza dolup, söýüp we söýlüp gazanjak üstünliklerine guwanyp ýaşalyñ! Gowluklara guwanmak hem üstünlik ahyry.

Hajynur Sähedow,  Ak bugdaý etraby.

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär.

Belki-de, Günüň dogýan gadymy Gündogaryna tämiz säherleriň ilki düşýäni üçindir!

Belki-de, Gündogarda säheriň — täze günüň iň oňat dilegler, synmajak ynamlar bilen begençli garşylanýany üçindir!

Bir zat weli hak: ir sabada turup, umyt-arzuwlar bilen säheriň getiren güneşine, mawy asmana, ene topraga — bakylygyň nyşanlaryna, ýaşaýşyň müdimilik alamatlaryna salam bereniňde göwnüň galkynýandyr:

― Salam, Güneş! Salam, Asman! Salam, Toprak!

Säher ösen rehnet ýeli ruhuňy tämizleýär. Şu üç bakylygyň astynda iň oňat maksatlary tutmak, ilkinji ädimleri ätmek, megerem, üstünligiň düýp syrydyr. Sebäbi binanyň berkligi binýatdan başlanýar. Binýadyň päk, berk bolsa, tutan ýoluň, il aýtmyşlaýyn, hak ýol bolsa, onda amala aşmak, hasyl bolmak ähtimallygy, matematikleriň dili bilen aýdanyňda, 0-a däl-de, 1-e ýakyn. “Üstünlik” sözüne many jähetden seredip göräýeliň: “üstünlik” — üst-üste gitmek, ýagny basgançak. Indi biz üstünligi — “maksatlarymyzyň taslama basgançagy” diýip göz öňüne getireliň. Sebäbi maksadymyza ýetmek üçin saýlan ýolumyzy dik ýokaryk gidýän çyzyk diýip bilsek, ol ýerden-ä ýöräp bilmejegimiz düşnükli. Ýapgyt göni çyzyk etsegem taýyp gaýtjagymyz gümana. Iň gowusy, durmuşyň gözi bilen seredip, basgançak bilen — ädimme-ädim üstünlige sary gadam goýalyň. Şonda biz, azaply hem bolsa, basgançagy — binýady berk materialdan gurmasak, orta ýolda, öz maksadymyzyň pidasy bolmak ähtimallygymyzy ýokarlandyrýarys. “Ilkinji ädimler säherde ädilýär” diýmegimiziň sebäbi-de şunda. “Säher” simwoliki manyda:

Birinjiden, heniz maksat tutmankaň, säheriň päkligi ýaly kalbyňy päklemek — üstünlige tarap ymtylmazdan ötri, ýagşy niýet tutmak.

Ikinjiden, säherde — ähli adamlaryň turýan, günüň başlanýan wagtynda pikirleriňi kelläňde göterip, ýel ugruna ygdyryp ýörme-de, işe başla! Oňatja pikirlen-de, taslamasyny kagyza belle, öňüňde anyk maksatlar goý, günortana ýa agşama galsaň, giç bolmagy mümkin.

Üçünjiden, säheriň terligi, tereňligi bilen pikir etmek, ýagny pähimli pikir ýörediş. Her ädimiňi pikirlenip basmasaň, seniň ýöräp barýan ýoluň aýna däl, seresapsyzlykdan büdüräýmegiň ýa öňüňdäki suwly oýtaga basyp, köwşüňi haraplaýmagyň mümkin. Artyk alada näme gerek?! Şonsuz hem aladalar ýetik ahyryn!

Dördünjiden, ruhubelentlik, gam-gussa seriňi aldyrmazlyk. Säher turanymyzda, Gün ýalpyldap nuruny seçip dursa, lemmer-lemmer ak bulutlar kerwen gurap geçip dursa, adatja şemal öwsüp dursa, nähili keýpiň çaglanýar, ruhuň göterilýär, ähli gam-gussaň unudylýar, işe-de höwesli başlaýarsyň.

Bäşinjiden, säherde bütin ýodalar-ýollar açylýar. Bir ýoda düşdüňmi, şowsuzlykdan, umytsyzlykdan halys süňňüň sökülip, gyra çykanyňda, tutan oňat maksadyň saý-sebäp bilen seni başga bir üstünlige barýan, gidip oňaraýjak ýodaňa atarar. Hut durmuşda-da şeýle, çünki gürrüň beripdiler:

― Bolmajak zady hiç wagt boldurjak bolmadym. “Entek nesibäm gyssaýan däldir” diýip, biraz sägindim-de, pikir etdim. Başardygymdan duýga däl-de, sagdyn pähime gulluk edýän pikirleri aňymda aýlajak boldum. Edil şu wagt men haýsy bir edýän işimi has oňat ýerine ýetirýärin? Ana, şoňa ünsümi güýçlendirip, güýç ýeterimdäki işde üstünlige ymtyldym hem belentlik basgançaklaryna barýan öz ýolumy tapdym.

Ýene-de iki esasy zat: köp akyldarlaryň aýdyşy ýaly, hemişe iç daşdan uly bolmalydyr we ähli beýik, uly zatlar kiçijik, ýönekeýje zatlardan başlanýandyr. Şulary unutmak — maksadyňdan meýletin el götermeklige barabar.

Dünýä edebiýatynda arzuwçyl çagajyklar hakda köp eserler bar. Siňe syn etseň, şol arzuwçylja çagalaryň köpüsi öz uly-uly arzuwlary bilen hemişe özlerine ruhy tarapdan motiw berýändirler, ýagny bir kynçylyga uçrap, maksatlaryndan dänäýjek-dänäýjek wagtlaryndaky dartgynly pursatlarda özlerini şol maksada ýeten, ondanam has ýokardaky şahsyýet hökmünde göz öňüne getirip ýa bolmasa, şolar ýaly arzuwlar bilen ýene-de herekete başlaýandyrlar, özem indiki hereket has tutumlydyr. Sebäbi olaryň özleri özlerini goldamagy başardylar, özlerine ynandylar…

Durmuşyň bir hakykaty bar (ony men ýa ýene biri aýdanok, ony “Durmuş” atly beýik mekdep aýdypdyr): ähli beýik, uly zatlar kiçijik, ýönekeýje zatlardan başlanýar. Okapdym: dünýä belli bir şahsyýet hakynda. Ol şahsyýet heniz şahsyýetlige göterilmänkä, sadawar ýaşaýyşda bolup, hatda daş-töweregindäkileriň onda “gözleri-de eglenmeýär” eken. Käte ol beýik arzuwlary hakda söz açanda, gaýta onuň üstünden gülüp: “Ol beýiklikler nire, sen nire? Ol zatlara kelläňi agyrdyp ýörme-de, köpräk işle, birneme pul gazan, üst-başyňy täzele!” diýip, ony kemsitmekden hem gaýtmandyrlar, ýaňsyly-ýaňsyly garapdyrlar. Bu zatlar oňa barha agyr degipdir. Şeýle netijä gelipdir: maksadyňy, arzuwlaryňy aýtmakdan saklan, barybir saňa daşyňdan baha berýärler. Halys ýüregine sygmadyk wagty arzuwlaryny, maksatlaryny gündeligine belläpdir. Her gezekki bellikden soň, öňkülere göz gezdiripdir. Pikirlerini bir ýere jemläpdir, öz üstünde işläpdir, öz-özünden hasabat soramagy, özüni kämilleşdirmegi endik edipdir. Şowsuzlygyny hem, üstünligini hem gündeligi bilen paýlaşypdyr. Günler geçip dur. Hälki “gözleri eglenmedikleriň” — daşdan baha berýänleriň birden muňa gözleri düşýärler-de, edil bulutdan çykan Güne garan ýaly bolýarlar. Birden Güne seredäýeniňde, gözüňi gamaşdyrýandyr, uzagrak seretseň öwrenişýänsiň, köpräk seretseň gözüň agyryp ugraýandyr. Eý-how, bu şahsyýet edil parlap dogan Gün ýaly, onuň belentligi hälkileriň şeýlebir gözüni gamaşdyrdy, haçan seretseler seredäýsinler, hiç gözlerini agyrmaýar. Çünki olar arzuwçyla düşünjek bolman, üstünden gülüpdiler, ýaňsylapdylar. Ol bolsa, sagdyn pähime eýeripdi: bagyň köki gowşak bolsa sähelçe şemalam onuň ömrüni soňlaýar, şonuň üçin bag birbada ýokary göterilibermän, topragyň astynda köküni çuňaldýandyr, garşylyga taýýar bolýandyr. Edil şolar ýaly her päsgelçilikden, şowsuzlykdan bir zatjagaz öwrenip, ýoluňy dowam etmek lazym.

Ýöne unutma: şowsuzlygam her dürlüdir, diňe sagdyn pähimiň şowsuzlygynda öwrenere zat bardyr. Şeýleräk adamlara-da duş gelýärsiň: olar şöhradyň perzentleri, hemişe ilden saýlanmaga ýykgyn edýärler. Şowsuzlykdan sapak alynýandygy hakda eşitdikleri keýplerine görä şowsuzlyk döreden bolup, ondanam sapak alýan kişi bolup daş-töweregine ýaňrajagy bolaýjak ýagdaý. Şeýle seredäýeniňde, ol belli bir zat gazanan hem ýalydyr, emma onuň düýbi ýokdur, salgyma çalymdaşdyr. Hakyky beýik işler ýüregiňde şineläp, kök urup, kem-kemden amala aşýar. Bir zady dile: hälki şahsyýetiňki ýaly saňa üns berilmesin, seni diňe dag üstündekäň görsünler, goý, onda-da ellerini kölegeledip delmuryp-delmuryp garasynlar! Ýöne nesibäň işläp, daga çykaýanyňda-da, Günüň öňüni ýapmak pikirini edäýmegin, hatda golaýyňa-da getiräýmegin! Şöhratdan başyň aýlansa, entirekläp, uçutdan agaýmagyn — ähli gazananyň özüňe ýagy bolmagy mümkin.

* * *

Yrym üçinmi ýa endikmi, bilemok, maňa adat bolşy ýaly, ýazgymyň jemlemesini ertire goýdum (ýazýan islendik zadymy ir ertir jemlesem ýerine düşäýjek ýaly)…

Şeýdip, ýene-de hal atan sähere salam berip, didaryny synlamak üçin daş çykdym. Şol bada säheriň demi degen topragyň ysy özüne maýyl etdi. Sepeläp başlan ýagyş eýýäm ene topragy petir bezän ýaly edipdir.

Asman säherde gözýaş dökýär.

Diýmek, säheriň demi düşen asman bilen ene toprak arasy päklenýär.

Sebäbi säheriň kalbynda päklik bar.

Kalbyňda şinelän ilkinji emelsiz söýginiň päkligi ýaly, özümiz bilmezden, tutan oňat, beýik maksadymyzyň ilkinji ädimlerini sähere deňesek ýalňyş bolmajak ýaly. Goý, tutan maksatlarymyz, diňe ilkinji däl, ähli ädimlerimiz päklikden, halallykdan gözbaş alsyn! Şonda üstünligem, şowlulygam hemişe hemramyz bolar. Aýdylyşy ýaly, gözbaşy arassa akabalar hemişe-de şol durşuny saklaýandyr, elmydama gereklidir.

Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Hemmeleriň bilýän, emma üns bermeýän hakykaty hakynda

Hemmeleriň üstünlik gazanasy gelýär. Eýsem, üstünlik bu näme? Düşündirişli sözlüklere göz aýlasak, üstünlik – birinden üstün bolmak ýa-da  şowlulyk diýen manylary aňladýar. Üstünligiň asyl manysy bir görseň syrly, bir görseňem hemmelere aýan bir zat. Dürli pursatlardan doly her bir ädimlerimiz, eger dogry netije çykaryp bilsek, bizi ädimme-ädim üstünliklere eltýän hadysadyr. Durmuşda hiç bir zat ýönelige ýüze çykmaýar. Arzuw-maksatlarymyzyň hem hemmesi dessine hasyl bolmaýar. Her ýetilen we ýetilmedik maksatlarymyzdan, gazanan üstünliklerimizden we şowsuzlyklarymyzdan dogry netije çykarmagy başarsak, bular biziň üçin uly sapakdyr. Üstünlige ýetmegiň iň uly syrlarynyň biri  – ynam, ýagny özüňe ynamyň bar ýerinde başarmajak işimiz ýokdur.

“Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly ynam, yhlas we maksada okgunlylyk bilen öňe gitmeklik üstünligiň açarydyr.

Siz birbada geň galmagyňyz hem mümkin, ýöne welin, uly üstünligiň ilkinji ädimleri şowsuzlykdan başlanýandygyny belläp geçesim gelýär.

Köpümiz ýaşlygymyzdan şeýle düşünje bilen ulaldyk diýsek, ýalan bolmaz, ýagny ýaşaýyşda iki ýol bar. Üstünlikli ýol ýa-da şowsuzlykdan doly ýol.

  1. Eger üstünlik gazanýan bolsak, diýmek, biz dogabitdi zehinli we başarnykly bolup, dünýä inipdiris.
  2. Eger üstünlik gazanyp bilmeýän bolsak, diýmek, bizde zehiniň we başarnygyň ýoklugy. Bize bu babatda hiç hili artykmaçlyk berilmändir diýip düşünýäris.

Eýsem, dünýäde köp üstünlik gazanan iň meşhur, başarnykly adamlaryň nähili häsiýetlere eýedigini bilýäňizmi? Olar öz saýlap alan ýollarynda iň köp şowsuzlyga uçranlar, iň köp ýalňyşlyk goýberýänler we muňa garamazdan ýene-de iň köp synanyşýanlardyr.

Bizden öňküleriň köpüsi üstünlikdir zehiniň dogabitdi berilýändigini gaýta-gaýta aýtsalaram, meniň pikirimçe bu ýalňyş düşünje.  Tersine ol bizi üstün bolmakdan alyp galýan esasy päsgelçilikleriň biridir. Her bir çagada özboluşly aýratynlyk bolup bilýär. Soňlugy bilen şol berlen aýratynlygyň üstünde işlenilse, üstünlige barýan ýoly ýasap bolar. Emma her näçe aýratynlyk berlen bolaýsyn, ugrunda yhlas etmese, zehinini ösdürmese, onuň körzehin bolup galaýmagy-da uzakda däl.

Şu ýerde okyjylara bir sowal bilen ýüzlenesim gelýär. Üstünlik gazanmak üçin iň möhüm zat..

Zehinmi ýa-da tejribe?

Käbir alymlara görä, bularyň hersinden 50 göterim bolmaly.  Emma käbirleri  ‘tejribe – bu zehiniň we üstünligiň açary” diýip hasaplaýarlar. Aslynda biz doglanymyzda hiç hili zehin we başarnyk bilen dogulmaýarys. Köp zady soňundan öwrenýändigimiz ylmy barlaglar esasynda subut edilendir. Esasanam, halaýan, höwes bilen edýän işlerimizde  has köp üstünlik gazanýandygymyz subut edilen hakykatdyr. Başarnygymyzyň köp bölegini bolsa tejribe arkaly hasyl edýäris.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýaňy doglan çaga dessine ýöremäni ýa-da gürlemäni bir bada başarmaýar. Ýöremek üçin ilki bilen emedeklemegi öwrenmeli. Munuň üçin bolsa, dowamly we irginsiz synanyşyk gerek. Çaga ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlanda, ýöremegi ýykyla-ýykyla öwrenýär. Halys bolmadyk ýagdaýynda diwara ýapyşyp, ýörejek bolýar. Köp synanyşýar, soňunda bolsa öz maksadyna ýetýär. Ýa-da bolmasa, 5 ýa 6 ýaşly oglanjygyň tigir sürmegi öwrenişini göz öňümize getireliň; ilkinji synanyşykda hiç bir çaga göni sürüp gitmegi başarmadyk bolsa gerek. Birnäçe synanyşygyň dowamynda, ýykylyp, “ýaralanyp” ondan soňra öwrenýär. Edil şolar ýaly eline birinji gezek galamy alan çaga hem bada-bat söz ýazyp bilmeýär. Ilki bilen harplary, soňra bolsa olary birikdirip söz we jümle düzüp başlaýar.

Köp wagtyň dowamynda arman-ýadaman işlemeklik, wagtyňy, ukyňy şol iş üçin sarp etmeklik üstünlige ýetirýän esasy zatlardyr.

Şu ýerde “Rönesans” kompaniýasynyň iň meşhur işgäriniň aýdan sözlerine göz aýlalyň:

  • Üstünlige nähili kynçylyk bilen we näçe der döküp ýetenimi bilsediňiz, eden işlerim size gyzyksyz görünerdi.

Bu ýerde diýiljek bolýan zat, hemme adam uly üstünligiň arkasynda ýatan bu kynçylyklary we dökülen derleri görsediler: ”Onça azap edip, der döksem, menem üstünlik gazanaryn” diýerdiler. Näçe der dökýänlerini görüp bilmeýänligimiziň sebäbi bolsa, bize ýaşlygymyzda “üstünlik bu nesibe ýa-da dogabitdi berilýän zehin” diýip öwredilmegidir we biziň hem şeýle düşünjelere eýe bolmagymyzdyr. Fiziki tapawutlylyk, ýagny boýunyň uzyn ýa-da görmegeý bolmagy bu adamyň doglanynda berlen aýratynlyklarydyr. Emma üstünlik boýuna-syratyna, agramyna, keşbine seretmeýär, ol öz maksadynyň ugrunda çeken zähmetine, goýberen säwligine we dowamly synanyşyklaryna bagly bolýar.

Belli bir derejä ýeten üstünlikli adamlar elindäkilerini aňsatlyk bilen gazanýandyrlar öýtmäň. Meşhurlyk gazanan her bir futbolçynyň, doktoryň, hukukçynyň gazanan üstünlikleriniň aňrysynda ýadawsyz, dynuwsyz işlemeklik we goýberen ýalňyşlyklaryndan sapak alyp bilmeklik häsiýeti ýatandyr.

Meselem, ökde suratkeşiň bizden has gowy surat çekip bilmeginiň arkasynda birnäçe synanyşygy ýatyr. Biz öz durmuşymyzyň dowamynda 100 gezek şol bir suraty çekjek bolup synanyşan däl bolsak gerek. Dört-bäş gezekden soňra ýadap: “Bu meniň başarjak işim däl, gowusy men başga bir iş edip göreýin” diýýäris. Suratkeş bolsa, ýarym günüň içinde 100 gezek synanyşyp biler. Ol  her ýalňyşlygyndan bir sapak alyp, bir zat öwrener we öňküsinden has kämil bolup  biler. Şonuň üçin hem olar bizden has ökdedirler we başarnyklydyrlar. Käbirlerimiz bolsa, ‘üstünlige ýa birinji synanyşykda ýetiler ýa-da hiç ýetip bolmaz’ diýip düşünýäris. Bu düşünje bolsa, bizi şowsuzlyga eltýär.

Dünýäniň iň baý iş adamlarynyň biri  Elon Musk öz zähmet ýolunyň köp böleginde  hepdede 80-100 sagat işländigini aýdýar. Ýa-da bolmasa, dünýäniň meşhur basketbolçysy Maýkl Jordanyň eline topy alyp, turuwbaşdan oýnap başlandygyny düşünýän bolsaňyz, bu ýalňyş bolar. Jordan: “Üstünligimiň syry köp işlemegim, ýagny, günde irden sagat 5-de oýanyp, türgenleşik geçýändigimdedir” diýip, belläp geçipdir. Ol muny köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli ýerine ýetirip gelýändigini aýdýar.

Üstünlik gazanmaklygyň ýolunda üns bermeli ýene bir zadymyz – wagtymyzy manyly sarp etmekdir. Mysal üçin, her gün eliňizde sowmak üçin 86,400 dollar pul berilse we bir günde sowup dynsaňyz, tamamlansa ýa-da ýitirim bolsa näme ederdiňiz? Hemmämiz hem soňunda şol pullary yzyna gaýtaryp bilmejegimizi bilýäris. Ýaňky pullaryňyz ýitirim bolmanka, peýdaly ýerlere we peýdaly zatlara harjardyňyz gerek?  Edil şolar ýaly hem günüň dowamynda bizde 86400 sekunt bar. Köp adamlar şol wagtyny dogry ulanyp bilmeýärler we ýitip gitmegine rugsat berýärler. Biz hiç haçanam bu wagtlary yzyna gaýtaryp bilmeris. Biz wagtymyzy halaýan zatlarymyzy edip ýa-da geljegimize görä peýdaly we netijeli ulanmaly.  Dostlaryň bilen oýun oýnap, sarp edýän wagtyňyz hiç wagtam yzyna gelmez. Bir gezek ulanan wagtyň mydamalyk gidýändir. Köp okaň we başardygyňyzdan köp zat öwrenjek boluň. Käbir adamlar arzuwlarynyň kynlygy sebäpli arzuw etmekden hem ýüz öwürýärler. Köp okuwçylar bolsa, bir synagdan “ýykyldym” diýip, arzuwlaryny hasyl etmekden bütinleý sowaşyp başlaýarlar, ahyrynda bolsa ymykly el çekýärler we özlerine ynanmagyny bes edýärler.

Eger siziň arzuwlaryňyz bar bolsa, onda oňa ýetmek üçin we durmuşa geçirmek üçin hemme zatlary ediň.  Näçe synaglardan ýykylsaňyzam zyýany ýok. Esasy zat, özüňize bolan ynamy ýitirmezlik. Aslynda durmuşyň özi bize bir synagdyr. Arzuw edýändigiňizi we bu arzuwyň ýeke-täk eýesiniň, şol arzuwy hasyl edip biljek ynsanyň hut özüňizdigini asla unutmaň.

Bir gün dünýäniň iň baý adamy bolan Bill Geýtsden sorapdyrlar:

-”Siz özüňizde nähili adatdan daşary güýjüň bolmagyny islärdiňiz?”

Bill Geýts:

-”Mende, kitaplary örän çalt okap bilmek mümkinçiliginiň bolmagyny islärdim” diýip jogap beripdir.

Üstünlik – bu  pulda, şan-şöhratda we uly jaýda däl. Ol hakyky özüň bolmakdadyr. Hiç wagt özüňizden şübhe etmäň. Şübhe – arzuwlary öldürýändir. Özüňize bolan ynamy ýitirmäň. Üstünlige “Alma biş, agzyma düş” nakylynda aýdylyşy ýaly hereketsiz garaşmak ýalňyş bolar. Bu ýalňyşlyk size şowsuzlygyň gapysyny açar. Üstünlige ýetmek üçin her bir ynsan birmeňzeş kynçylyklardan geçmeli bolýar. Bu ýerde esasy zat –  kimiň bes etmän, dowam edýänliginde, kimiň bolsa, alty-ýedi ädimden soňra bes edip, öz söýen işinden ýüz dönderýänligindedir.

Üstünlige eýe bolan meşhur  adamlar hiç wagt öwrenmegi bes etmeýärler. Sebäbi üstünlik gazanmagyň bir syry hemişe öwrenip gezmekdedir. Öwrenmek üçin bolsa dowamly okamak gerek. “Maksat jandan ileri” diýlişi ýaly, maksatlaryňyza ýetmek üçin jan çekiň.

Üstünlige eýe bolan adamlaryň syrlary

Bill Geýts, Stiw Jobs, Elon Mask, Oprah, Mark Çuban we başga meşhur şahsyýetleriň syrlary nämekä? Olaryň ählisi-de biziň ýokarda ýatlan häsiýetlerimize eýe bolupdyrlar.

Olar wagtyny dogry ulanyp bilýärler.

Olar ömrüni öwrenmek üçin sarp edýärler.

Olar her gün täze zat öwrenmek üçin dyrjaşýarlar.

  1. Warren Baffet, planetanyň iň baý adamlarynyň biri. Ol günde 5 sagat kitap okaýandygy bilen meşhurdyr.
  2. Bill Geýts her ýarym hepdede 1 kitaby okandygyny aýdýar.
  3. Mark Kýuban günde 3 sagat kitap okaýar.
  4. Oprah bolsa kitapsyz durmuşy asla göz öňüne getirip bilenok.

Diýmek, bularyň ählisi biziň her birimiziň başaryp biljek, hötde geljek zatlarymyz. Mundan beýläk biziň üçin üstünligiň ähli gapylary açyk. Sebäbi biz üstünlige eltýän ýollaryň syryny indi anyk bilýäris. Geliň, üstünliklere tarap bilelikde aýgytly hereket edeliň. Bilelikde üstünlik gazanalyň.

Aýşirin ALYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi hem bu islegiň halk içinde nähili güýçlidigini görkezýän bolsa gerek.

Bir gezek bir dostuma, «Uzak ýaşamagyň syryny aýdaýynmy?» diýdim. «Aýt!» diýdi. «Uzak ýaşamak üçin maksat tutunmaly. Uludan-uly bolmaly özem». Ol birden gülüp goýberdi. Birhili bolup gitdim. Sebäbini soradym. «Haý, senem-aý. Uzak ýaşamagyň syry diýseň, menem käşir iýmeli, kelem iýmeli diýen ýaly bir zat aýdarmykaň öýtdüm-laý» diýdi.

Häzirki wagtda uzak ýaşamak barada «peýdaly maslahatlardan» kän zat ýok. Alymlar munuň üstünde yzygiderli işleýärler, täzeden-täze üstünlikler hem gazanýarlar. Ýöne, men bu barada däl, uzak ýaşamagyň syryny başga bir tarapdan açyp görkezmekçi.

Il içinde şeýleräk bir aýtgy bar: «Etsem-petsemi bolan adam garramaýar».

Bir goňşymyz bardy. Ýaşy ýetmişi kowalap ýören garry daýza. Onuň heniz öýlenmedik ogly bilen durmuşa çykmadyk gyzy bardy. Ikisiniň hem ýaşy otuzdan agandy we ikisiniň hem bir saý-sebäp bilen «kör düýeleri köprüden geçmändi». Günlerde bir gün garrynyň öýünde goşa toý boldy: ilki ogly öýlendi, gyzy hem şonuň bir hepde yz ýany durmuşa çykdy. Şondan üç aý geçip-geçmän hem, garry ýanyny ýere berdi oturyberdi… Köp wagt geçmän hem dünýäsini täzeledi.

Ýene-de bir tanşymyň kakasy aradan çykypdy. Ýaşy ýaňy kyrkdan agan. Adam üçin kyrk ýaş dagy kän zatmy?! Ýöne ol şojagaz ömründe hem köp zatlary etmäge ýetişipdir. Çagalarynyň biri ýokary okuw jaýyny gutaryp, durmuşyň bosagasyndan ätledi, ýene ikisi ýokary okuw jaýynda bilim alyp ýör, uly ogluny göçürmek üçin jaýy taýýar… Belkem, ol adam: «Çagalarym üçin şu zatlary edip bilsem, onsoň armanym ýok» diýip hyýal edendir.

Meşhur ýazyjy Çary Aşyryň Beýik Watançylyk urşy ýyllary hakda ýazan «Meýletinler» romanynda şeýleräk bir epizod okapdym: Urşuň gyzgalaňly pursatlarynda komandir Pirli gije diýmän, gündiz diýmän duşmana garşy söweşýär. Garly ýeriň aşagynda gazylan garymlarda ýatyp-turýar.

Şeýle kyn şertlerde bolmagyna garamazdan, kesellemedik, ölmedik adam, uruşdan sag aman dolanyp öýüne gelen uçurlary sarylama keseline ýolugýar duruberýär.

Aslynda, ol sarylama keseline öňden duçar bolupdy… Ýöne ol ony duýmady. Sebäbi onuň maksady bardy. Ol nemes basybalyjylaryny kowup ýurtdan çykarmaly. Ine, şol maksat hem ony ýaşadýardy…

Işlesem, bilmesem öler-galarym,

Ajalam birsellem golaýma gelmez.

  1. Ezizow

Şuňa meňzeş mysallar durmuşda näçe diýseň bar… Bize düşeni netije çykarmak…

Okan kitaplarymyň birinde şeýleräk bir zada duş gelipdim: «Allatagala adama örän kän zat berdi we ýene-de bermek üçin islemegi hem berdi». Häli-häzire çenli tanaýan meşhur adamlaryňyzyň hemmesi maksat goýmakdan başladylar… Islendik maksat goýsaňyzam, ýetjegiňiz ikuçsyz. Şonuň üçinem, uzakdan-uzak maksatlar goýmak gerek. Milliarderleriň biriniň aýtmagyna görä: 100-200 ýyllyk planlar goýuň öňüňizde, goý olary sizden soň agtyklaryňyz, çowluklaryňyz dowam etdirsin…

Aşyr SAPAR, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Hakyky üstünlik

Goýnunda birnäçe gerçekleri ýetişdiren, bu goja pelegiň külpetli ýollarynda, durmuşyň ýowuz synaglaryna döz gelip “Üstünlige ýetmegiň ýollary” barada bir zatlar ýazmagy ýüregime düwdim. Ony bolsa islegiňe görä ýazyp bolmaýar. Pikirlenip jogabyny tapar ýaly ol tapmaça däl ahyry. Oňa diňe başyňdan geçireniňde ýa-da başyndan geçirenleri göreniňde akyl ýetirip bolýar. Çala üstünlige ýetip başlan adam özüni gürrüňsiz artykmaç hasap edýär. Men ony bilýärin. Söze başlamagymdan öňürti bir zady aýdaýyn.Üstünlikde hiç hili syr bolmaýar, ol edil tebigat ýaly aýdyňdyr. Çünki “Üstünlik” hemme kişi üçin şol bir zat däldir. Her kimiň üstünligi aýratyndyr. Üstünlige nädip ýetmelidigini bilmek üçin ilki “Üstünligiň” näme zatdygyna akyl ýetirmeli. “Üstünligiň syry”-haýsydyr bir işi oňuna bolan adamyň aýdyp berýän ertekileri däldir. Haýsy samsyk (ýagny “üstünlige ýeten adam”) özüniňkiniň mydama ugruna boljakdygyna kepil geçip biler. Hiç kim. Şonuň üçin biz çüýremeýän “Üstünligi” gözlemelidiris. “Üstünlik” – diýip “baýlyga” aýtýan bolsaňa men gürlejegem däl.Ýöne näme üçindir köp kişi şeýle pikir etýär. Ol bir tarapdan dogrudanam şeýle. Emma, şu wagtjyk aýdyşym ýaly bir tarapdan şeýle. “Üstünlik” bolsa bir taraplaýyn zat bolmaly däl. Edil Nedir şanyň-a “Imperator” Magtymgulynyňam zyndana taşlanan bendi bolşy ýaly. Seniň pikriňçe olaryň haýsy biri üstünlige has gowy ýeten? Belki Nedir şadyr, emma Magtymgulynyň ýeten üstünligi Onuňkydan has uzak ýaşady. Göräýmäge Gitler hem belli bir wagt üstünlige ýeten, emma bize Çingiz hanyňky ýaly wagşy “Üstünlik” gerek däl. Bize, nesillerimiziň bizi ýagşylykda ýatlary ýaly “Üstünlik” gerek. Üstünlik diňe öz toplan baýlygyň, öz ýeten şahsy derejäň bilen kesgitlenilmeýär. Diňe özüni bilýän üstünlikden üstünlik bolmaz. Bize beýlekileriň hem üstünlige ýetmegine sebäp bolýan “üstünlik” gerek. ”Üstünlige” ýetmedikden “Üstünlige nädip ýetmeli” -diýip soralmaýar. Üstünlige ýetenem ony bilmez. Çünki onuň durmuşy bilen seniňki deň däldir. Ol-a başga adam, sen bolsa düýbinden başga.”Üstünligiň” açary öz eliňdedir. Sen diňe onuň bilen haýsy gapyny açmalydygyny bilseň bolany.”Üstünlige ýetmek üçin yhlas etmeli”-diýip her öňýeten aýdyp biler. Emma gynansagam yhlas çekýänleriň hemmesi üstünlige ýetäýenok. Ýetenleriň hem näçe wagta çenli üstünlikli saklanjagy belli däl. Diýmek nädemizde üstünlige barymyz ýetip bileris? Diňe birek-birege goltgy berenimizde. Her kim ukyp-başarnygyna görä hemaýat tapanda. Seniň “Üstünligiň” adamlardan rüstemligiňde däl-de, adamlara gerekligiňdedir.”Ýagşy niýet-ýarym döwlet”-diýip aýdypdyrlar-a. Heý “Döwletden” ulam bir üstünlik bolarmy. “Üstünlik näme zat we oňa nädip ýetmeli” diýen sorag örän gyzykly sorag. Üstünligiň nähili zatlygyny bilmek üçin onuň häsiýetlerini öwrenmeli bolarys. Üstünligiň häsiýetleri adamlaryň häsiýetlerine barabardyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly geliň “Üstünligiň” häsiýetleriniň üstünde durup geçeliň.

1-Düşbilik. Bu ýaşlykdan başlanýan häsiýet bolup, aslyňdan geçýär. Bu üstünligiň we oňa ýetmegiň birinji basgançagydyr.

2-Başarjaňlyk. Bu üstünligiň ikinji häsiýeti bolmak bilen her bir adam yhlas etse ol basgançagy eýeläp biler.

3-Sowatlylyk. Ýadyňyzdan çykarmaň, hiç haçan bilimli adam bilen bisowat adamyň ýetýän üstünligi deň däldir.Ylymsyz “üstünlik” bu lal we kör üstünlikdir. Çünki seniň ylym-bilimli (giň dünýagaraýyşly,okumyş) bolmaklygyň eýýäm, ýeterlikli derejede üstünligiň özüdir.

4-Akyllylyk.  Bu ýokardaky häsiýetleriň jeminden emele gelýär. Akylly adam sosial hal-ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, üstünlikli adamdyr. Onsoňam müşgil hem çylşyrymly ýeri, akylly adam hökman baý bolmaly diýip düşünmeklik öte ýalňyşlyk bolýar. Baýlygy toplap bilýän adam däl-de, ondan goranyp bilýän adam has akyllydyr.

5-Edeplilik. Üstünligiň esasy häsiýetleriniň biri hem edeplilikdir. Edeplilik-seniň üstünligiňi mukaddeslige öwürýän galypdyr. Heý biedep, edepsiz üstünlikdenem bir üstünlik bolarmy.

6-Öňdebaryjylyk. Üstünligiň häsiýetleriniň esasydyr. Öňdebaryjylyk öz gezeginde “üstünlige” dowamlylygy bagyşlaýar. Aslynda üstünlik bir pursatlyk, ýa-da wagtlaýyn bolmaly däldir. Ol, gutarmaýan, dowamly, hemişelik bolmalydyr. Eger “Üstünlikde” nähilidir bir syr bar bolsa, ol onuň nädip uzak (hat-da tas hemişelik) saklanyp bilişindedir. Çünki “Üstünligiň” özi – dowamly öňdebaryjylykdyr. Ukyp-başarnyk üstünligi dörediji esasy guraldyr. Sizde meniň pikirime garşy paradokslaryňyz bar bolmagy-da mümkin, men muňa geň galmaryn, üstünligi her kimiň öz görüşi bar.Ýöne men bir zady anyk aýdyp biljek, eger üstünligiň umumy kabul edilen nusgasyny logikalaşdyrmaly bolsa onuň kliminasion nokady hökman öz ýaşan ömrüňde halka gerekli şahs bolup taryha adyňy ýazdyrmakdyr.

Dünýäň depesine bilmeris çykyp,

Ýöne biz bolmajak bolaýlyň “hiçkim”.

Gezme şum ykbala içiňi ýakyp,

Özgelere ýagty salawer yşkym.

 

Birje ömrümizi doldurup mana,

Üstünlige ýetjek bolup ýaşalyň,

Hergiz aňlawergin, ymtylýaň nämä,

Haýra galkyp, şere gözi ýaşlalyň.

 

Başarnykly-ukyp eldäki dürdir,

Düşünjeli-akyl başyňdaky täç,

Kanagatsyz-baýlyk tendäki kirdir,

Ynsap diýen ýagşyzada gujak aç.

 

Aşyr GURBANGELDIÝEW, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy.

Türkmenistan’da Diplomatlar Günü kutlandı

Türkmenistan’da her sene 18 Şubat tarihinde kutlanan Diplomatlar Günü, bu sene de uluslararası konferans ile kutlandı. Kutlama etkinlikleri kapsamında Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı’nın Uluslararası İlişkiler Enstitüsü’nde ‘Tarafsızlık politikası ve barış kültürü’ konulu uluslararası konferans düzenlendi.

Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı tarafından düzenlenen “Tarafsızlık politikası ve barış kültürü” konulu uluslararası konferans, Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbangulı Berdimuhamedov’un kutlama mesajını Türkmenistan Dışişleri Bakanı ve Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı Raşid Meredov’un okumasıyla başladı. Konferansa Türkmenistan’da akredite olan tüm diplomatik misyon temsilcileri, yerli ve yabancı basın mensupları katıldı.

Türkmenistan Devlet Başkanı bu konferans katılımcılarına yazılı mesaj gönderdi. Mesjaında Türkmenistan’ın diplomatlarını Diplomatlar günü ile tebrik ederek, “Dünya gelişiminin şu anki zor döneminde tarafsızlık durumunun önemi daha da artmaktadır. 2021 Uluslararası Barış ve Güven Yılı ilan eden Türkmenistan’ın girişiminde Birleşmiş Milletler Genel Kurulunun oybirliğiyle kabul edilmesi özel bir anlama sahiptir. Bu, tarafsızlık politikasının modern uluslararası ilişkiler koşullarında büyük önemini göstermektedir, çünkü tarafsızlık ilkeleri, bölgesel ve küresel ölçekte barışı ve güvenliği güçlendirmek ve gezegenin devletleri arasındaki etkileşimi artırmak için kapsamlı bir siyasi ve diplomatik araç haline gelmiştir.” şeklinde ifadeler kullandı.

Türkmenistan’da her yıl 18 Şubat tarihi “Diplomatlar Günü” olarak kutlamaktadır. Bu yıl da Türkmen diplomatların yetiştirildiği Türkmenistan Dışişleri Bakanlığı Uluslararası İlişkiler Enstitüsü bünyesinde organize edilen sergi, konferans ve çeşitli etkinlikler gerçekleştirildi.

Uluslararası İlişkiler Enstitüsü’nde düzenlenen sergiye Türkiye’nin Aşkabat Büyükelçiliği başta olmak üzere ABD, Rusya, Suudi Arabistan, BAE, BM teşkilatları, Hindistan, Pakistan, Özbekistan, Kazakistan, Gürcistan gibi pekçok ülke stant açtı. Stantlar ülkelere has milli ürünler sergilendi. Türkiye’nin Aşkabat Büyükelçiliği standında da Türk milli giysileri yanı sıra tanıtıcı bültenler yer aldı.

Türkmenistan Dışişleri Bakanı ve Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı Raşid Meredov ülkelerin standını gezdi. Türkiye’nin stantının yanında Dışişleri Bakanı Raşid Meredov, Türkiye’nin Aşkabat Büyükelçisi Togan Oral ile bir süre ayakta sohbet etti ve fotoğraf çekildi.

Bu arada, 14 Ocak tarihinde Aşkabat’ta Türkmenistan Devlet Başkanı’nın katılımıyla “Türkmenistan ve Uluslararası Örgütler: Barış ve Kalkınma İçin İşbirliği” Uluslararası Konferansı başarıyla gerçekleştirildi. Bu konferans, katılımcılarının Birleşmiş Milletler Genel Sekreteri’ne bir bildirisi ile sona ermişti. Bu bildiri, BM Genel Kurulunun 74. oturumunun bir belgesi olarak kabul edilmiş ve BM’nin resmi dillerinde yayınlanmıştır.

Näme üçin meşhur bolmagy isleýärsiñiz?

– Söhbetdeşligimiziñ şu ýerinde döredijilik ýoluna nähili gadamlar bilen başlandygyñyz hakda biraz aýdyp berseñiz.

– Biz aslynda kim? Biz kim bolmaly? Ilki bilen zehin Hudaý tarapyn berilýär, ýöne, biz muny duýup bilmeýändigimiz sebäpli durmuşyñ ýowuz, bagtly günleri ynsan ömrüne täsir edýär. Ynsanyñ kalbynda çañ basyp ýatan umyt, maksatlaryny, arzuw, hyýallaryny oýarýar. Ynsana täzeçe itergi berýär. Käbirlerini aýdymçy, sazanda, şahyr, döredijilik ýoluna alyp gitse, käbirlerini bolsa, sportda, telekeçilikde ýa bolmasa beýlekilerde meşhurlyga getirýär durmuşyñ öwrümleri. Meniñ diýjek bolýanym: ” Zehin ýokardan berilýär, durmuşyñ öwrümleri onuñ ýüze çykmagyna itergi berýär, hem-de biziñ onuñ kämilleşmegi barada edýän işlerimiz bolsa, onuñ has-da aýdyñlaşmagyna getirýär “.

– Siziñ döredijilik ýoluñyzda halypañyz kim?

– Men ömrümiñ şu günlerine çenli kän kitaplary, çeper eserleri okadym. Birnäçe ýazyjy halypalar bilen duşuşyp, söhbetleşdim. Olardan entek okuwçykam öz maslahatlaryny beren Akgyz Mülkiýewa, soñra Annamuhammet Kirşenow, Nobatguly Rejebow ýaly ussat halypalaryñ adyny belläp geçesim gelýär. Ýöne, halypa dogrusynda aýdanymda, meni özümi bilen günlerimden meniñ ýanymda, ýakynymda bolan, her güni bilen meniñ ömrümde gowy, erbet, añsat, kyn günlerini ýadygär goýan, meniñ üýtgeşik zehin bolup kemala gelmegime sebäp bolan…

– Enem-atam?!

– Ýok-ýok. Ýazgydow Durmuş Ykbalowiç! Men Ýaradandan soñra Durmuşa çäksiz minnetdar bolmaly ynsan. Çünki, Ýaradan maña şeýle zehini beripdir-de men ony duýmandyryn, ýöne, entek çagalyk müçesinden çykmankam men durmuşyñ ýowuz öwrümleriniñ netijesinde kem-kemden özümiñ kimdigimi bildim. Maña meniñ kimdigimi Durmuş görkezdi. Ine, meniñ halypam kim?!

– Siziñ ýeñişleriñiz, gazanan baýrakly orunlaryñyz…

– 2016-njy ýylda ” Ýaşlyk ” ýaýlymynda goýberilýän ” Ylhamly ýaşlar ” atly döredijilik bäsleşigine ” Miras ” , ” Watan ” ýaly şygyrlarym bilen gatnaşyp II baýrakly orny, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde orta mekdepleriñ arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiñ etrapara tapgyrynda III orny, 2019-njy ýylda  Türkmenistanyñ Telewideniýe, radiogepleşikler we kinemotagrafiýa baradaky döwlet komitetiniñ we “Nesil” gazetiniñ redaksiýasynyñ şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ bilelikde geçiren ” Berkarar döwletiñ ylham joşguny ” atly döredijilik bäsleşiginde ýeñiji bolup baýrakly orny, şeýle-de şol ýyl Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata ” Ahalteke atlary milli gymmatlyklaryñ naýbaşysydyr ” atly öz makalam bilen gatnaşyp, şol maslahatyñ kitabynyñ sahypalarynda makalamyñ orun alyp, hormat haty, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanmagym, 2019-njy ýylda Türkmenistanyñ Telewideniýe, radiogepleşikler we kinemotagrafiýa baradaky döwlet komitetiniñ ” Aşgabat ” , ” Ýaşlyk ” teleýaýlymlarynda goýberilýän gepleşiklere gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyñ Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe alyp barýan içerki we daşarky syýasatyny, onuñ ýaşlar baradaky edýän yzygiderli atalyk aladalaryny Türkmen telewideniýesiniñ üsti bilen ýaşlaryñ arasynda giñişleýin wagyz-nesihat edýändigim üçin aýry-aýrylykda minnetdarlyk hatyna, şeýle-de şu 2020-nji ýylda Ýaşlar guramasynyñ şeýle-de Goranmak ministrliginiñ “Milli goşun” žurnalynyñ redaksiýasynyñ yglan etmeginde ” Gaýratyñyz egsilmesin, mertebäñiz beýgelsin ” ady bilen internet ulgamynda döredijilik bäsleşigine gatnaşyp ýeñiş gazanmagym, döreden şygyrlarymyñ, makalalarymyñ, ýürek buýsançlarymyñ gazetdir-žurnallarda çap bolmagy, ýa bolmasa, mynasyp görlen şygyrlarymyñ aýdyma geçirilmegi, okaýan ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyñ talyp ýaşlarynyñ Hormatly Prezidentimize bolsun ýürek buýsanjyny has dogrusy ALKYŞNAMA-nyñ sözlerini ýazyp bermegim, onuñ hem şekle geçirilmegi, köp buýsandyryjy işleriñ, zähmetiñ awtory bolmagym meni doly buýsanmaga mejbur edýär.

– Tüweleme, sizi gazanan ýeñişleriñiz, baýraklaryñyz bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Özüñiz ýaly döredijilik bilen meşgullanýan, ylaýta-da şygyr döretmek bilen meşgullanýan deñ-duşlaryñyza aýtjak zatlaryñyz, maslahatlaryñyz.

– Söziñ notasyny bilmeýän, şygyrda saz çalmasyn.

Siziñ geljekde meýilleşdirýän meýilnamalaryñyz barada aýtsañyz.

– Biraz meşhurlyk isleýärin.

– Näme sebäpden?

– Öz ogludygymy, öz dostydygymy, öz jigisidigimi unudyp, taşlanlaryñ dilinde arman bolmak üçin…

Nurmuhammet HAŞYROW, Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ III ýyllyk talyby.

Asyra ýaň salan “hepdäň owazy”

On dokuzynjy ýanwar  (Ýekşenbe) gije, men  ýeňiş gazananlaryň üç sanysynyň şaýady boldum. Ilkä owaz teleýaýlymynda  Eldar Ahmedow “Hepdäniň owazynda” ýeňiji boldy. Dogrusy olaryň ýeňiji kesgitleýiş düzgünlerinden men habarsyz, ýöne şekilli aýdymy welin haladym. Şo gepleşigiň ýeňijisini görjek bolup men APL-nyň merkezi oýuny “Mançester Ýunaýted” we “Liwerpulyň”  oýnundan 6-7 minut gijä galdym. Nämede bolsa görmek nesibämde bar eken. Gördim we  “gyzyl şeýtanlaryň” oýnuna gynandym. Men bu ömrümde olaryň “Liwerpula” garşy beýle pes oýnanyny görmändim. Ýok liwerpullylar has gowy oýnady diýýänlerem bar. Ol hakda biraz soň, häzirlikçe bolsa ikinji ýeňşi gazananyň Ýurgen Kloppdygyny belläp üçünjä geçeliň.

Heniz daň atyp ýetişmänkä men üçünji bir üstünlik gazanan jenabyň hem adyny anykladym. “Kamp Nauda” “Granadany” kabul eden  “Barselona” Messiniň 76-njy minutdaky goly esasynda ýeňiş gazandy. Myhmanlaryň bir oýunçy kemligi we Barselenolylar üçin “Granadany” utmagyň gaty ýönekeý zatdygyny eýýam haçan kellesinde aýlan okyjylara menem goşulýan,hut  şonuň üçin Eldar we Kloppyň yzyndan Kike Sten diýip belläp goýmagy makul bildim.

Indi bularyň meňzeşligi we aýratynlyklary hakynda meňzeşligi, bularyň üçüsi hem hepdäni ýeňiş bilen jemlän we şu babatda,iň bolmanda meniň ünsime ilmäni başaranlar.Bularyň utuş gazananlygyna hiç kim şübhe etmez,ol jedelsiz.Ýöne şol netijäni üstünlik bilen nähili baglap bolar ?Ana,şol ýerde-de gürrüňimiziň esasy pelsepesi başlanýar. Eldar Ahmedow öňem birnäçe gezek “Hepdäň owazynda” ýeňiji bolan, adam  öňki netijesinden has ýokary galmasa, üstünlik hasap edenokda “öňki ýagdaýyny saklap başaran” hasap edilýär. Eldaryň derejesinde  “ýylyň parlak ýyldyzy” bolmak üstünlik diýsek bolar. Klopp bolup ”M. Ýu”-ny ýeňmek hakda näme aýtsa bolar.? oňa üstünlik diýip bolar, çünki APL-ny bir gyzykly kitap diýip alsak “Liwerpul “-  “M. Ýu” oýuny hemişe we her hili ýagdaýda-da şol kitabyň şedewr eserliginde galýar. Şedewr eseriň içinde adyňy ýeňiji hökmünde ýazmaga welin uly üstünlik diýse bolar.” M. Ýu”-nyň gaty pes oýnaýanlygyny we bular ýaly topary utmak uly zat däl diýýän tarap bilen men düýbünden ylalaşmaryn. Bary bir bu iki sany taryhy garşydaşlar tarapyndan sahnalaşdyrylýan dramanyň lezzeti üýtgeşik. Şonuň üçinem Kloppyň bu utuşuna ullakan ýeňiş diýip bolar.

“Kamp Nauda” ýeňiş gazanan Seten hakynda bolsa has-da gyzykly zatlary aýdyp bolar. Göräýmäge ”Barselona” “ Granadany” utdy diýip şowhun göterip oturasy iş ýok ýaly, ýöne bu oýun Kike Seteniň “Barselonadaky” debýudy bolansoň tapawutlanýar. Bu, söziň doly manysynda, Seten üçin üstünlik. Katalonýalylaryň başynda Gwardiola ýa-da Mourinýo bolan ýagdaýynda adaty hal diýip bolardy.Ýöne heniz top toparlarda işläp görmedik  Seten üçin ullakan baýramçylyk. Ýagny, oýundaky netije uly zat bolmasa-da bu utuş Kike Seten üçin ullakan üstünlik.
Ýagny biz adamlaryň gazanan üstünliklerini olaryň ýagdaýlary (öz ugrundaky derejesi) esasynda ykrar edýäris. Şonuň üçinem utmak, utyp çykmak başga, ýeňiş gazanmak başga zat. Üstünlik gazanmak bolsa ýene-de başga zat. Umuman  dowamly utuşlar ýeňşe, ýeňişlerem üstünlige getirýär. Ýöne her bir utuş-a ýeňiş däl, her ýeňenem üstünlik eýesi däl. Men şonuň üçin ýokarky mysallary getirdim, ýagny “sende maşyn bar diýmek sürüjilik şahadatnamaň hem bardyr” diýen ýaly galyplaşan tirkegli düşünjelerden biraz saplanarymyz ýaly. “Beýle bolmanam bilerä” diýlen penjireden garap görmek, aýdaly üstünlik gazanmak üçin diňe bir  utmak ýeterlik  däl bolmagam ahmal…

1950 – nji ýyl Mundialda Braziliýanyň utulmagy, Urugwaýyň gazanan ýeňşinden köp dile alnypdy. Heniz henizlerem arhiwi dörsek sarylaryň utulyşy hakyndaky gürrüňleri kösenmezden tapmak mümkin. Bu mundial utuşy Urugwaýa berse-de ýeňijä berilýän “ýeňiji hormatyny” Peläniň watandaşlaryna peşgeş etdi.

1990 – njy ýyl finalda Germaniýa üstün geldi, emma ýeňijä goýulmaly hormata bolsa ýene-de başgalar eýe çykdy. Has dogrusy ýekeje adam. Emin tarapyndan ýol berlen ýekeje ýalňyşyň gurbany bolan, kümüş medaly boýnuna dakmaga-da namys edip, sojap-sojap aglaýan Maradonanyň keşbi dünýä mediýasy arkaly öýme-öý aýlanypdy.

1994 – nji ýylda Roberto Bajonyň nädürs penaltisiniň şemaly, brazilleriň şowhunly utuşyny göge sowrup taşlapdy. Häli häzirlerem internetden şol mundialy gözletsek, italiýaly uzyn saç tarapyndan amala aşyrylan  penaltiniň suratlary hatar-hatar öňümizden çykar durar.

2006 – njy ýylda žurnalist Hajymyrat Söýünowyň dili bilen aýdanymyzda, Zidanly wakanyň kölegesinde galan mundial (öz düzgün bozmagyň bilen uly mundialy kölegelemek  uly üstünlik dälmi eýsem). Hakykatdanam, bu ýaryş, Zidanyň baş goýan mundialy diýip hakydamyza siňipdir welin, oýnuň ahyryndaky penaltilerde kimleriň çykyş edenligini hem “google” girmezden ýatlap bilýänimiz az-azdyr. Diýmek, bu gezegem ýeňiji hormatyny gazanan utan tarapyň wekili däl.

Has gysga aýdanymyzda, kimiň üstünlige eýeligi, heniz şol ýaryşa barmanka belli. Utuşy hasaba görä, eminler kesgitläp goýberýär. Emma ýeňijini bolsa janköýerler, ýagny Halk kesgitleýär. Hut şonuň üçindir, milli ýygyndymyzyň goragçysy Zafar Babajanow öz interwýusynda “biziňki netije gazanmak,ýeňiş janköýerleriň paýy” – diýendir.

Aý garaz hepdäniň owazyndan başlan gürrüňimiz asyrlaryň gulagyny şyňlatdy. Adaty endigimden daş düşip, köprägem gepledim welin, sözümiň soňunda ýene bir zady belläýin. “nädip üstünlik gazanmaly” – diýen sorag barada. Bu hakynda Ýewropada we Amerikada köp ýazyldy. Hatda daşy owadanja kitap baryny çykaryp baýanlaram bar. Emma men olaryň birinden hem ugur almagy doly derejede  dogry hasap etmedim. Asyl-ha men Ýer ýüzindäki ýedi milliard adam üstünlige ýetäýende-de  ýedi milliard sany üstünlikli ýol bolar diýip hasap edýärin. Diýmek, öz ýoluňy tapmaly. Ol hem, jemgyýete peýdaly bir käri ele alyp, şol käre täzelik getirip, wepaly bolup galmak bilen gazanylýar. Çünki ýeňiş we üstünlik millionlary özüňde jemlemek bilen däl-de seniň käriňe janköýerlik edýänleriň alkyşy bilen kesgitlenilýär.

Merdan Baýat, sport synçysy.

Üstünlige tarap birinji ädim

Durmuşda ýaşamagyň iki ýoly bar: biri hiç bir zat gudrat däl ýaly ýaşamak, beýlekisi bolsa ähli zat gudrat ýaly ýaşamak

Albert Eýnşteýn

Dogryňy dogry sözlemek gerek, men aslynda ýazyjy däl. Üstünlik gazanmagyň syrlary hakynda ozal birnäçe kitaplary okan hem bolsam, durmuş tejribelerimiň üsti bilen oňa has çuň göz ýetirdim diýsem ýalňyşmaryn.

Men bir gyzy çagalykdan tanaýan. Ony nireden tanaýarsyňyz diýip soramagyňyz mümkin, emma biraz sabyr ediň, ony size hökman tanyş ederin. Garaz, ol hem beýleki kiçijik gyzlar ýaly diýseň arzuwçyldy. Şol gyzjagazyň gatnaýan mekdebi sazçylyk mekdebine golaý ýerleşýärdi. Mekdebiň deňinden geçip gideniňde açyk penjirelerden dürli saz gurallaryň çykarýan şowhunly owazlary durman gelerdi. Şol gyz skripka saz guralyny çalmagy öwrenmegiň arzuwynda ýaşaýardy. Ol 3×4-lik fotosuratyny we dogluş hakyndaky şahadatnamasyny eline alyp, synag tabşyrmak üçin sazçylyk mekdebiniň gapysyndan ätledi. Emma ony kabul etmändiler. Ýöne ol umytdan gaçmaýar. Ol gyzda dogum we erjellik bardy. Sapaklaryna ýetişigi babatda hem, ol öňdeligi hiç kime bermezdi. Her kişiň sapakdan soň höweslenýän pişesi bolýar. Ol gyz sungatyň aşygydy. Surat sapagynda onuň çeken suratlaryny gören mugallym “Muny kim çekip berdi? Ejeň çekip berdimi?” diýip, suraty gyzyň çekendigine ynanmazdy. Skripka saz guralynda sazçylyk mekdebiniň belli bir ýaş talaby bar, muny siz hem bilýänsiňiz. Sungatyň yşgyna düşen gyz soňra şol sazçylyk we sungat mekdebinde surat çekmekligiň inçe syrlaryny öwrenmegi ýüregine düwüpdi. Emma ýene-de, ykbal oňa gülüp bakmandy. Ýöne welin, synag wagtynda gyzyň çeken suraty synag alyjy mugallymyň ýadyndan çykmandy. Men ol gyza “Alada etme, surat çekmek üçin sungat mekdebe gatnamak zerur zat däl ahyry. Çekiber, çekiber, eliň düzelip gider” diýdim. Ol meň diýenlerim bilen ylalaşdy.

Şondan biraz wagt geçenden soň, men gyzyň kämilleşendigine onuň çeken suratlaryna synlanymda hem göz ýetirdim. Ol hiç ýanbermezekdi.

Şol gyzyň islendik hünärden başyp alyp çykjakdygyna ynamym bijaý uludy. Ol ynamymy hem ödedi. Ýakyn geljekde ol başarjaň hünärmen hökmünde özüni görkezer.

Men oňa, yhlasyň ýerine düşmegi üçin näme zatlar gerek diýip soranymda, ol maňa çynlakaý garaýşy bilen şulary aýtdy:

— Men bir zady bilýän. Isleg bar ýerinde, başarylmajak zat ýok eken.  Ýene bir aýtmaly zat, üstünlik bu durmuşda iň esasy bagt däl. Üstünlige tarap ymtylmak hem seniň bir basgançak ýokary galandygyňy aňladýar. Ýene bir bellemeli zat, üstünlik gazananyňdan soň hem tizligi gowşatman ýoluňy dowam etmek wajyp. Üstünligi bir beýik basgançagyň çür başy ýaly kabul etmek ýalňyşlyk. Ony aýlanýan halka, tigirçek ýaly göz öňüne getirmeli. Ony durnukly dowam etmeli. Sazçylyk we sungat mekdebine girip bilmedigime diýseň gynanardym. Ýogsam sazyň notalaryny kabul etmekde-de, äheňe girip dogry hiňlenmekde-de, surat çekmekde-de bilimim, düşünjäm ýok däldi. Megerem ýaşym Sungat mekdebiniň talaplaryna laýyk gelen däldir. Garaz, bu ugurda üstünlik gazanmak maňa başartmandy. Ýöne men ýan bermedim. Men özümi kämilleşdirdim. Hemişe okuwda, işde, şahsy durmuşymda özümi köp ugurlardan baş çykarýan adam hökmünde görkezmek meniň üçin ýetilip bolaýjak iň uly üstünlikdi. Şeýle bolup hem galar. Size ozal hiç kime aýtmadyk bir wakany gürrüň bereýin.

Kiçiräk wagtym gözümden kirpik gaçsa, doganym maňa gözümi ýumup, çyn ýürekden arzuw etmegi, soňra bolsa gözümden gaçan şol kirpigi alyp, ýetmek isleýän zadymyň ugur-tarapyna garşy kirpigimi üfläp goýbermegi öwredipdi. Ol şeýle edenimde meniňki hemişe şowuna boljakdygyny aýdypdy. Men yhlas etdim. Ýüregimde beslän arzuwlarymy kirpikleriň üsti bilen howa ugratdym. Mümkin, häzirem arzuwlarym çar ýanda gaýyşyp ýörendir, belki. Eden isleg-arzuwlarym hemişe meniň bilen ýaşaýardy. Ýöne meniňki hemişe şowuna bolmazdy. Okuwçylaryň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginiň deslapky tapgyrlarynda hem men orun alyp bilmändim. Ahyry doganyma öwreden tilsiminiň meni hiç hili üstünlige eltmeýändigini zeýrenip aýdanymda, ol maňa seredip: “Belki, sen ony dogry ýerine ýetirýän dälsiň” diýerdi. Garaz, her hili edip kirpiklerimi uçurýardym. Ýöne beý diýsem, kirpikleri bilgeşleýin gözümden goparyp alýandyr diýip pikir etmäň. Her niçigem bolsa, yhlas etmegime garamazdan mekdep döwürlerim ne men ders bäsleşiginiň deslapky tapgyrynda hem orun alyp bildim, ne-de sazçylyk hem sungat mekdebine girmek başartdy, ýaryşlarda hem ýeňilen pursatlarym az bolmandy. Ýöne beý diýsem, meniň hem gazanan üstünligim ýok däl. Men gazanan üstünliklerim barada ýene bir gezek size duşamda hökman aýdyp bererin. Menden üstünlik gazanmagyň esasy açary näme diýip sorasaňyz, ol özüňe bolan ynam we ýeterlik taýýarlyk.

Aradan esli wagt geçdi. Çagalykdan galan endigimi henizlerem taşlap bilmedim. Gözümden atdanlykda kirpigiň gaçandygyny biläýsem, wagt ýitirmän gözümi ýumup arzuw etmegimi ýene-de dowam ederin. Ökde hünärmen bolmak, maşgala gurmak, ýan-ýoldaşymyň söýgüsine gazanmak, çagalarymy arzuwlaryna ýetmäge we üstünlik gazanmaga ruhlandyrmak, mugallym bolup ýaş nesillere geljege has umytly göz bilen garamagyna azda-kände kömek etmek we beýleki şuňa meňzeş ençeme zatlary çyn ýürekden arzuw edip, kirpigi ýeliň ugry bilen howa uçuryp goýbersem, bu gezek meniňki hökman şowuna bolar. Doganym dogry aýdan ekeni. Men onuň öwredenlerini biraz ýalňyşrak edýär ekenim. Emma häzir, ýeterlik taýýarlyk we uly ynam bilen öňe ädim ätsem, bir zady anyk bilýän, men durmuşda hemme zady başaryn – diýip ol sözüni jemledi.

Men ol gyzy gowy tanaýan, indi ol size-de nätanyş däl. Ol gyz – men.

Maýa Esenmyradowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Sazlaşyk – üstünligiň ganaty!

Makalamy üstünlik we üstünlige ýetmeklik bilen baglylykda dowam etmezden ozal, öňi bilen bir rowaýatda ünsi çekmekligi makul bildim.

“Irki döwürde iki sany odunçy agaç çapmakda ýaryşypdyrlar. Olaryň biri-hä ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky ýigit, beýlekisi bolsa, kyrk-kyrk bäş ýaşy arka atan orta ýaşly adam eken. Olaryň ikisine-de şol bir tokaýdan deň ölçegde ýer bölüp berip, şol berilen ýerdäki agaçlardan kim köp çapmaly diýen şert bilen, wagt bellenilenden soňra olar işe girişipdirler. Ýaş ýigit jahyllygyň göçgünliligine, ýaş bedende joş urýan güýç-kuwwatyna daýanyp haýdap işleýärmişin. Ol armak-ýadamak, dem-dynç almak barada pikir hem edenok diýýär. Onuň bäsdeşi bolsa şol bir depginde işläp, her sagadynyň on-on bäş minudyny oturyp dynç alýarmyşyn. Ýaş ýigit öz bäsdeşiniň oturan wagtyny hem peýdalanmak maksadynda dynuwsyz işläberipdir. Bellenilen wagtda bäsdeşleriň eden işine seljerme berilende orta ýaşly odunçy ýaş ýigitden çapmaly ýerini öň dynypdyr we eden işi hem rejelimişin. Ýaş ýigit bolsa öz bäsdeşinden yza galypdyr, onuň yzy hem çalam-çaş diýýär. Orta ýaşly odunçydan gazanan üstünligiň syryny soranlarynda ol “Bu ýerde üýtgeşik syr ýok, men her dynç almaga oturanymda çalgy daşy bilen öz paltamy ýiteledýärin. Her çapan agajymy indiki agajy çapanymda päsgel bermez ýaly bir gyra süýşürip gidýärin” diýip jogap berenmiş”

Ýokardaky rowaýatdan gelip-çykan mana salgylansak, islendik işde üstünlik gazanmak islesek öňi bilen şol işiň usullaryny tilsimlerini oňatja öwrenmeli. Durmuşda tötänlik arkaly üstünlik gazanylýan pursatlary hem gabat gelinýänini mysal getirýärler. Emma bu gaty bir dogry hem gelip baranok. Mysal üçin sportuň milli göreş boýunça ýaryş gidip dur, şol ýaryşda bir türgene özi bilen deň agramdaş türgen gabat gelmeýändigi üçin ol ýeňiji bolýar. Şeýle seredeniňde bu ýeňijiniň ýeňişi tötänden bolan ýagdaýa meňzeýär. Emma onuň bu ýaryşa gatnaşmazdan ozal şol agram derejesine ýetmezden öň çeken zähmetlerini, gatnaşan ýaryşlaryny şol ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmagyny nazara alsak, onuň bu ýeňişine, üstünligine tötänlik diýip bilmeris. Sebäbi onuň düşen ýagdaýy onda bolman, başga bir türgende hem bolup bilmegi gaty mümkin.

Üstünlik gazanmaklyk irginsiz zähmeti talap edýär diýsek “Başdaky rowaýatymyzdaky ýaş odunçy hem irginsiz zähmet çeken adam, ýöne ol üstünlik gazanyp bilmedi, näme üçin?” diýen sowal ýüze çykýar. Hindilerde “üstünlik gazanmak üç basgançakdan ybarat” diýen pähim bar. Ilki oňatja oýlanyp hereket etmek, her bir ýalňyşyňy sapak edinmek, üstünlik gazanýanlara öýkünmek. Bu babatda pikir ýöredenimizde üstünlige eltýän ýollaryň bu gysga pähimde öz giň beýanyny jemländigine göz ýetirýäris.

Adam ogly haýsydyr bir işi başlamazdan ozal ilki bu barada gowy pikirlenmeli, gerek ýerinde ýaşululardan maslahat soramaly. “Ýedi ölçe bir kes”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly atalar sözleriniň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Şeýle halatda pugta rejelenip, ölçenilip, çenelinilip başlanylan iş köplenç üstünlige eltýär.

Bardy-geldi bir säwlik sebäpli üstünlik senden ýüz öwüreninde hem ruhdan düşüp oturybermeli däl. Gaýta şol işde çiglik, kemçilik goýberilen ýerlerini pugta öwrenmeli. Indikide şeýle hereket bolmaz ýaly çäreleri agtarmaly. Şeýle ýagdaýlary kän-kän gezek öz durmuş tejribelerinde synap gören pederlerimiz “her bir şowsuzlyk indiki gazanyljak üstünlik üçin basgançak bolmalydyr” diýen pähimi bize miras goýypdyrlar.

Şeýle hem üstünligiň ýene-de bir açary görelde hasaplanýar. Ýagny durmuşda üstünlikler gazanyp, abraý-mertebä il sylagyna mynasyp bolan adamlar bolýar. Başdaky iki usuly ýagny, pikirlenmäni hem-de ýalňyşyňy sapak edinmäni başarmadyk ýagdaýyňda şeýle adamlaryň hereketlerini öwrenmeli, olaryň her bir iş ediş usulyny görelde edinmeli. Şonda hiç ýalňyşmarsyň. Aýdaly, öň baryp görmedik şäheriňe ulagly bardyň. Barmaly salgyňy birinden soradyň. Ol “meniň ulagymyň yzy bilen sürüber, barmaly ýeriňe ýeteniňde özüm görkezerin” diýýär. Netijede onuň (ýola belet nätanyş adamyň) ulagynyň yzyna düşüp barjak menziliňi ýalňyşman tapýaň. Üstünlik gazanýan adamyňa öýkünmeklik görelde almaklyk hem şol ulagly ýol belediň yzyna düşüp ýalňyşmaýşyň ýaly üstünlige eltýän ýollaryň biridir.

Durmuşda üstünlik gazanmak dogrusynda kän-kän pikirler öňe sürülýär. Pikirleriň köp dürli boluşy ýaly, manylary hem dürli-dürli. Käbir adamlar üstünligi “ynsana Alla tarapyn berlen zehin” bilen baglanyşdyrsa, ýene biri “Bilim almak, ylym öwrenmek” bilen baglanyşdyrýar. Başga biri “Ýadawsyz zähmetiň netijesini üstünlik” hasaplasa, ýene biri “Her işde amatly pursata garaşyp, wagty dogry saýlamak üstünlige eltýär” diýýär. Olar öz pikirleriniň dogrulygy babatda jedele girip mysallar, durmuşda bolýan wakalar, şeýtmek arkaly üstünlige ýeten şahsyýetleriň atlary bilen hem delillendirýärler. Dogrusy olaryň aýtýanlarynyň näçe derejede dogrudygyny anyk kesgitlemek, aýtmak mümkin däl.

Esasy nygtajak bolýan zadym üstünlik gazanmakda ynsanyň edýän pikiri bilen hereketi sazlaşykly bolmaly. Ýagny ýeterlik derejede bilim, zehin hem gerek. Işe, zähmete höwes, yhlas hem bolmaly, etjek işiňde amatly taraplary hem saýlap almagy başarmaly. Şularyň baryny utgaşyklylykda, sazlaşykly ýola goýup bilseňiz üstünlige eltýän ýola gönügersiňiz. Durmuşda her bir tutan işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun.

Kemal Sabyrow, TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

13,948BeğenenlerBeğen
1,404TakipçilerTakip Et
487TakipçilerTakip Et