TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Habarlar gullugy Halkara kosmos bekedinde wekilhana açdy

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugy Halkara kosmos bekedinde kiçi redaksiýa döreder. Şeýlelikde, bu habarlar gullugy Halkara kosmos bekedinde hemişelik wekilçilik açan ilkinji mediýa edaralaryň biri boldy.

“TASS” habarlar gullugy bilen “Roskosmos” edarasynyň arasynda şertnama baglaşyldy. Şol resminama laýyklykda, Halkara kosmso bekedinde hemişelik wekilhana açylar.

Halkara kosmos bekediniň işini metbuagatda giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen Russiýanyň gahrymany kosmonawt Aleksandr Misurkin orbita çykar. Ol bu ýerde surata düşürer we wideo ýazgylar eder. Şeýle hem kosmos uçuşlarynyň aýratynlyklary we ylmy-barlaglar barada makalalar toplumyny taýýarlar. Mundan başga-da söhbetdeşlikler gurnar.

– “TASS” habarlar gullugy bilen “Roskosmos” edarasynyň bilelikdäki maglumat ýaýradyjy taslamasy Russiýanyň kosmosdaky işiniň mahabatlandyrylmagyna ýardam eder – diýip, “Roskosmos” edarasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Rogozin gürrüň berdi.

Misurkiniň öňünde gyzykly, janly we hakyky görnüşinde Ýer ýüzüne maglumat bermek wezipesi durýar. Makalalar we bellikler agentligiň web sahypasynda, sosial ulgamlardaky sahypalarda peýda bolar.

Aleksandr Misurkin 8-nji dekabrda “Soýuz MS-20” kosmos gämisi bilen kosmosa uçar. Oňnuň bilen bilelikde ýapon milliarderi Ýusaku Maedzawa we onuň kömekçisi Ýedzo Hirano hem kosmosa çykar.

Habarçy kosmonawtyň ýörite şahadantmasy Baýkonur kosmosdromyndan kosmosa uçurylan wagty gowşurylar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda “Çagyryş” çeper filminiň surata düşüriş topary Halkara kosmos bekedine gitdi. Kosmonawt Anton Şkaplerow, aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko 12 gije-gündüziň dowamynda kosmos bekedinde bolup, ilkinji çeper filmi surata düşürdiler.

Russiýanyň “TASS” habarlar gullugy ýurduň iri habarlar gullugynyň biridir. Iki müňe golaý habarçysy bilen habarlaryň gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetirmek ugrunda iş alyp barýar. Şeýle hem bu habarlar gullugynyň 60 döwletde 63 wekilhanay hereket edýär.

Habarlar gullugy her gün 2 müňe golaý habar, 600-800 töweregi surat we wideoýazgylary öz resmi saýtyna ýerleşdirýär.

Pan Gi Muna Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle