JEMGYÝET

Gözleg

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Gözledim nämedir bir zat,

Düşnüksiz beýan ederden.

 

Belki, ol sen hakda arzuw,

Geljek güýze ganat beklän,

Umytlarmyň ynamyndan,

Sözlerimi söýgä beslän.

 

Belki-de ol pikirlerden,

Gözlemäge ýokdur esas,

Şonda-da men bu ahwaldan,

Göwnümi etmedim halas.

 

Belki-de duýgymyň düýni,

Hyýalyň erkin alandyr,

Pikirlerim maňa däl-de,

Belki-de saňa aýandyr.

 

Bu syrmydyr ýa-da sowal,

Jogap gözledim güýzlerden,

Karar tapan bolsa gerek,

Göwnüm gözlegden, gözleňden.

 

Güýzli günlerde göwnüme,

Saýa salan pikirlerden,

Belki seni tapandyryn,

Ýazan söýgi setirlemden.

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen hallkynyň Milli Lideri Gazagystanda

Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň mynasyp bolan täze halkara sylaglary gowşuryldy

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary